Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde doping baradaky dokumental film Oskar baýragyna eýe boldy


Grigory Rodçenkow
Grigory Rodçenkow

Orsýetde doping baradaky dokumental film Oskar baýragyna eýe boldy.

Orsýetde doping barada “Ikarus” atly kartina iň gowy dokumental film hökmünde Oskar baýragyna eýe boldy.

Birleşen Ştatly režissýor Bryan Fogeliň filmi Orsýetiň dopinge gözegçilik edýän döwlet laboratoriýasynyň öňki müdiri häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýan Grigory Rodçenkowyň ýardamy bilen düşürildi. Fogel baýragy Rodçenkowa bagyşlaýandygyny aýtdy we Rodçenkow barada sözläp, bu “gorkusyz paş ediji häzir uly howp astynda ýaşaýar” diýdi.

ABŞ-nyň goragy astynda ýaşaýan Rodçenkow 2016-njy ýylda Orsýetiň we ýurduň sportsmenleriniň 2014-nji ýylyň Soçidäki olimpiýa oýunlarynda doping testlerinden sowulmak üçin ulanan galp usullara degişli dokumentleri paş etmeginden soň ýurduny terk edipdi.

XS
SM
MD
LG