Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda senagat harytlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady, ýene-de...


Türkmenistandaky söwda merkezleriniň birinde satylýan azyk harytlary. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda senagat harytlarynyň bahasy ýene-de ýokarlanyp, ýurduň daşyndan import edilýän önümler ortaça 50% gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bu gymmatlamanyň, esasan, adamlaryň gündelik durmuşda sarp edýän himiki erginlerine, ýagny gap-gaç we kir ýuwujy serişdelere, diş ýuwulýan pastalara degişlidigini aýdyp, munuň gürrüňi edilýän harytlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly şu ýylyň başyndan bäri bolan ikinji wakadygyny belleýärler.

“Diş ýuwulýan pastanyň pes sorty ozal, ýagny fewral aýynyň ahyryna 6-7 manatdy. Mart aýynyň ilkinji günlerinden bularyň bahasy 12 manada çykypdyr, hat-da käbir ýerde mundanam gymmat bahadan satylýar. Ol esasanam pastanyň agramyna görä üýtgeýär. Ýa-da beýikligi 30, ini 15 santimetr töweregi kagyz platensalar bar. Şeýle iki kagyz platensanyň bahasy fewral aýynyň ahyrynda 8 manatdan 15 manada gymmatlan bolsa, şu günki gün 21-21,5 manatdan satylýar” diýip, bazardaky harytlaryň bahalary bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol kir ýuwýan maşynlaryň hapalanyp, hatardan çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen “Calgon” atly himiki serişdäniň 500 gramlyk gutusynyň ýanwar aýynda 17-18 manatdan, fewral aýynyň ikinji ýarymynda 23-25 manatdan satylandygyny, häzir bolsa, 30-32 manada gymmatlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Söwdagärler bu gymmatlamanyň sebäpleriniň daşary ýurtlardan harytlary getirip, ýerli söwdagärlere paýlaýan firmalaryň indi önümleriň bahasyny ýokarlandyrmagy, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň barha gymmatlamagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda azyk we senagat harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagy indi birnäçe gezek bolup geçdi.

Fewral aýynyň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynda käbir azyk harytlarynyň bahasy ortaça 40 % gymmatlady. Şondan birnäçe gün öň bolsa, Aşgabatda daşary ýurtlardan import edilýän senagat we käbir azyk harytlarynyň bahalary ortaça 80% ýokarlanypdy.

Fewral aýynyň başynda daşary ýurtlardan import edilýän süýt-gatyk önümleriniň bahasy 100% gymmatlan bolsa, azyk harydy etiň we hojalyklara getirilip berilýän, plastik gaplara gaplanan agyz suwunyň bahasy hem ortaça 30% ýokarlandy.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatda we ýurduň dürli sebitlerinde un, şeker we ösümlik ýagy ýaly käbir azyk harytlarynyň gytçylygy-da dowam edýär. Munuň bilen bagly, ýurduň döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň emele gelýändigini Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.

Galyberse-de, şu aýyň başyndan Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynda adam başyna gündelik satylýan unuň, şekeriň ozal kesgitlenen çäk möçberi hasam kemeldildi. Mundan öň, her adama günde 5 kilogram un satylan bolsa, ol häzir 1 kilograma çenli azaldyldy. Öz gezeginde şekeriň möçberi 1 kilogramdan 500 grama çenli kemeldildi.

Bularyň ählisi, Türkmenistanda benziniň bahasynyň 50% gymmatlan, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 13 manatdan hem aşan döwründe, şeýle-de, ilata 25 ýyla golaý wagt bäri mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagyndan birnäçe aý soň bolup geçýär.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda agzalan gymmatlamalar barada häzirlikçe ilat köpçüligine maglumat bermän gelýärler. Türkmen mediasynda bolsa, ýurtda “azyk bolçulygynyň” üpjün edilýändigi, ilatyň “bagtyýarlyk zamanasynda” ýaşaýandygy barada reportažlar görkezilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG