Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Astana şäherinde geçiriljek ilkinji sammitine gatnaşmaz. Bu barada “Sputnik – Täjigistan” neşiri “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, türkmen prezidenti 2-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek sammit barada habar berip, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýdypdyr.
Gürrüňi edilýän sammit Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem-de Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyçlary bilen Nowruz baýramynyň bellenýän günlerine gabatlap gazak paýtagtynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýatladyp geçsek, Merkezi Aziýanyň liderleri mundan ozal Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň ýygnaklarynyň çäklerinde resmi däl görnüşde duşuşyp gelýärdiler.
Şeýle-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlary 2006-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda resmi däl görnüşde duşuşypdylar. Şonda bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň prezidentleri gatnaşyp, dürli meseleleri, şol sanda ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşypdylar. Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem şonda, edil Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly agzalýan sammite gatnaşmandy.
Merkezi Aziýany ýakyndan yzarlaýan käbir synçylaryň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda agzalýan ýurtlaryň arasynda regional hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak boýunça käbir oňyn ädimler göze ilip başlady.
Mysal üçin, regional gatnaşyklara päsgelçilik döredip biljek ýagdaýlar, hususan-da regiondaky käbir ýurtlaryň arasyndaky serhet dawalary boýunça öňe gidişlikler gazanyldy. Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň arasyndaky uzaga çeken serhet dawalarynyň agramly bölegi 2017-nji ýylyň başynda iki ýurduň prezidentleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň esasynda aradan aýryldy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ozalky awtoritar prezident Yslam Kerimoyň ölüminden soň hökümet başynda geçip, goňşy döwletleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin käbir tagallalar etdi.
2017-nji ýylyň 11-nji noýabr güni Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada howpsuzlyga we durnukly ösüşe bagyşlanan BMG-niň hemaýatyndaky konferensiýada eden çykyşynda Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň arasynda Astanada sammit geçirmegi teklip edipdi.
Konferensiýada eden çykyşynda Abdrahmanow Gazagystanyň Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň nusgasy bolan regional zonanyň döredilmeginiň tarapdarydygyny belläpdi.
Samarkantda geçirilen maslahatda özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Nazarbaýewiň bu başlangyjyny goldap çykyş etdi we goňşular bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga esaslanýan ösüşiň täze sepgitlerini gazanmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.
Ýatladýarys, mundan ozal Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň mart aýynda Özbegistana sapar etjekdigi mälim edildi.