Sepleriň elýeterliligi

Ýylyň jemleri: Özbegistan we Gyrgyzystan serhet dawalaryny çözdüler, olar galan meseleleri aradan aýryp bilerlermi?


Illýustrasiýa suraty

Özbegistan we Gyrgyzystan iki ýurduň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän serhet dawalaryny çözdüler, eýsem olar ýylyň aýagyna çenli galan meseleleri aradan aýryp bilerlermi?

  1. Territoriýany alşyp-çalyşmalymy? Kösenýän raýatlary göçürmelimi? Özbegistan bilen Gyrgyzystan iki ýurduň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän serhet dawalaryny çözmegiň ähli ugurlaryny öwrenýärler.
  2. Onýyllyklara çeken dawalardan soň Özbegistan bilen Gyrgyzystan iki ýurduň arasyndaky serhet bilen bagly meselelere çözgüt tapmagyň bosagasynda

Şu ýylyň başynda Özbegistan bilen Gyrgyzystan iki ýurduň arasynda onýyllyklara çeken serhet dawalarynyň agramly bölegini çözüp, uly öňe gidişlik gazandylar.

Indi iki ýurduň arasyndaky iň agyr meselelere seretmek galdy. Ýylyň aýagyna çenli iň jedelli dawalar aradan aýrylmaly.

Duldegşir goňşularyň arasyndaky meseläni çözmek üçin 200 kilometrden gowrak serhedi bölüşmek galdy. Agzalýan serhet dawalary öz gözbaşyny sowet diktatory Iosif Staliniň “böl we basyp al” syýasatyndan alyp gaýdýar. Biri-birinden düýpgöter tapawutly bolup görünýän närseleri birek-birege çatmak diýmek, iň agyr dawalary çözmek diýmekdir, ýagny bäş sany kiçi eksklawa we olar bilen bagly çylşyrymly meseleleri aradan aýyrmaly; soňky ýyllarda zorlugyň döremegine, tussaglyga, atyşyklara we ölümlere getiren dawalar çözülmeli.

Munuň hötdesinden gelmek üçin taraplar däp bolmadyk çözgütleriň, şol sanda çäkleri paýlaşmagyň ýa-da, belki-de, raýatlary asyrlaryň dowamynda ekslawalarda ýaşap oturan öý-öwzarlaryndan göçürmegiň üstünde işleýärler.

Sowetleriň döreden problemasy

Serhet bilen bagly problemalar mundan bir asyr ozal sowet resmileriniň alan kararlaryndan ugur alýar. Olar 1924-27-nji ýyllar aralygynda ýüzugra serhetler arkaly Merkezi Aziýany böldüler, ýöne olar beýle etmek bilen giň meýdana ýaýlyp ýatan Fergana jülgesindäki özbekleri, gyrgyzlary we täjikleri oýlanyşyksyz aýyrdylar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky serhetsiz erkin geçelgeler ýapyldy. Peýda bolan awtoritar hökümetler serhetlere eýe çykmaga we adamlaryň hem-de harytlaryň hereketlerine gözegçiligi güýçlendirip başladylar.

Soňky ýyllarda serhet meseleleri boýunça biri-birinden galyşmaýan özbek we gyrgyz resmileriniň arasyndaky jedeller köplenç atyşyklara we zorlukly bulam-bujarlyklara ýol açdy.

1999-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkente bolan gandöküşikli bomba hüjümi, ýurda yslamçy terroristler giräýmesin diýip howatyrlanan Özbegistany Gyrgyzystan bilen Fergana jülgesinde serhetleşýän araçäginiň ep-esli bölegine haýat örüp, garym gazmaga iterdi.

Özbek tarapy 2000-nji ýylda hatda serhediň käbir ýerlerine guryýer minalaryny hem düşediler. Bu bolsa adamlaryň we dowarlaryň ölümine ýa-da ýaralanmagyna getirdi.

Ýöne Yslam Kerimowyň döwründe onýyllyklara çeken çiginli düwün geçen ýyl onuň biwagt aradan çykyp, ornuna Şawkat Mirziýoýewiň geçmegi bilen çözülip başlandy. Oktýabr aýynda Mirziýoýew gyrgyzystanly kärdeşi Almazbek Atambaýew bilen 1300 kilometre çenli uzap gidýän serhediň 85 göteriminiň çäklerini kesgitlemek boýunça ylalaşdylar.

“Kerimowyň döwründe, esasanam özbek tarapy meseleleri çözmäge ymtylmaýardy” diýip, Bişkekde ýaşaýan we halkara gatnaşyklar ugrundan garaşsyz ekspert Çynara Esengul düşündirýär. “Ýöne häzir welin [Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda] Özbegistan izolirlenmek, ýagny üzňelik islemeýär. Täze prezident öz ýurdunyň söwda we senagat potensialyndan doly peýdalanmak isleýär, şol sebäpden Özbegistana has açyk serhetler zerur” diýip, ekspert aýtdy.

Serhet boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyk tas baýram edip bellenipdi.

Şonda Atambaýew: “Gyrgyz halky-da, özbek halky-da taryhy jähtden ähmiýetli güne 20 ýyldanam gowrak wagt bäri garaşyp geldi” diýdi.

24-nji noýabrda tamamlanan alty ýyllyk prezidentlik döwründe ujypsyz ykdysady we diplomatik üstünlik gazanan Atambaýew Özbegistan bilen bar bolan serhet problemalaryny çözmek arkaly yzynda degerli miras goýup gitmäge synanyşana çalym edýär.

Ýöne Mirziýoýew bilen Atambaýew özbek-gyrgyz serhedi bilen bagly aňsat dawalary çözmegi başaranam bolsalar, meseläniň galan 15 göterimi 5 sany jedelli etniki eksklawanyň hötdesinden gelinmegini talap edýär.

Gyrgyz hökümetiniň serhet meseleleri boýunça wekili Kurbanbaý Iskandarow AÝ/AR-a beren gürrüňinde eksklawalarda ýerleşýän Oş, Jalalabat we Batken regionlarynda heniz kesgitlenilmedik 36 sany dawaly sektoryň bardygyny aýtdy.

Soh, Şohimardon, Jany Aýyl (Halmiýon) we Çon-Kora/Kalaça eksklawalary Özbegistana degişli bolup, olar gyrgyz serhedi bilen gurşalan. Ol ýerlerde ýaşaýan özbek raýatlary eksklawalardan çykmak üçin köp halatda gyrgyz serhet beketlerinden geçmeli bolýarlar.

50 müňden gowrak özbek raýatynyň ýaşaýan ýeri bolan meýdany 350 inedördül kilometrlik Soh eksklawasynda serhet sakçylary bilen ýerlileriň arasynda birnäçe gezek düşünişmezlik ýüze çykdy. Munuň netijesinde köplenç ýagdaýda gyrgyz resmileri serhedi ýapýarlar we haryt ýetmezçiligini döredýärler. Bu ýagdaý hem öz gezeginde galagoplugyň we zorlugyň ýüze çykmagyna getirýär.

Soh eksklawasy
Soh eksklawasy

Özbegistanyň içinde, iş ýüzünde, gyrgyzlaryň Barak eksklawasy bar. Bu obada 75 gyrgyz raýaty ýaşaýar.

Barakda bir döwürler birnäçe ýüz adam ýaşaýardy, ýöne ýerli ilat ýuwaş-ýuwaşdan eksklawadan çykyp, Gyrgyzystanyň içine göçüp bardylar. Baragyň başlygy Nurkanbek Aşyrow obanyň mekdebinde bary-ýogy sekiz okuwçynyň galandygyny aýdýar.

Gyrgyz we özbek resmileri serhet bilen bagly galan meseleleri gysga wagtyň içinde aňsatlyk bilen çözmek isleýändiklerini, ahyrky çözgüdiň 2017-niň aýagyna çenli bir ugurly etmegi göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

“Iň esasy zat syýasy isleg. Prezident Mirziýoýew häzirki wagtda syýasy isleginiň bardygyny kemini goýman görkezýär. Şol sebäpden çözgüde garaşmaga esas bar” diýip, 1995-nji ýyldan bäri özbek-gyrgyz serhedini öwrenýän Nýukastl uniwersitetinden geografiýaçy Nik Megoran aýdýar.

Ýer söwdasy...

Eksklawalar bilen bagly meseläni çözmek üçin, Daşkent we Bişkekdäki resmilerde iki möhüm ýol bar diýip, synçy Esengul aýdýar.

Birinji ýol; Özbegistan öz territoriýasyndaky iki gyrgyz eksklawasyny Gyrgyzystana bermeli, munuň deregine beren meýdanyna deň ýeri sehediň ugrunda Gyrgyzystandan almaly. Bu söwda hökmany suratda diýen ýaly Baragy hem öz içine alar.

Gyrgyzystan 1999-njy ýylda Hytaý bilen serhet dawasyny çözmek üçin, Pekine özüniň Han-Tengri daglaryndan we Uzbenku-Kuş geçidinden on müňlerçe gektarlyk ýeri bermek bilen oňşukly görelde görkezdi.

Geçen güýz Mirziýoýew bilen Atambaýewiň gol çeken ylalaşyklarynyň netijesinde Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda käbir kiçi ýerleriň alyş-çalşygy bolup geçdi.

“Şeýle ýerler bar, olar kartada Özbegistana degişli, ýöne ol ýerlerde biziň halkymyz ýaşaýar, edil şolar ýaly bize degişli bolup, özbekleriň ýaşaýan ýerleri bar” diýip, Jalalabat welaýatynyň häkiminiň birinji orunbasary Mamasaly Ahmamatow sentýabrda aýtdy.

“Biz 476 indedördül gektar ýeri özbeklerden alyp, olara 241 indedördül gektar ýeri berdik” diýip, ol aýtdy. Öz welaýatynyň 643 kilometrlik serhediniň bireýýäm kesgitlenendigini, diňe düşünişmeli 80 kilometriň galandygyny ol sözüniň üstüne goşdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri ozalky sowet respublikalarynyň arasynda serhetler tertipleşdirilip, ýerler alşylyp-çalşyldy. Mysal üçin, Litwa 90-njy ýyllaryň ortalarynda özüniň Pagirai anklawasyny Belarusa berdi. Öz gezeginde Minsk Wilniýusa belarus-litwa serhediniň ugrunda kiçiräk ýer berdi.

Ýöne Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda boljak şeýle territorial alyş-çalşyk, söwdasy ediljek ýeriň üstünde ýaşaýan adamlaryň hem pikir-duýgularyny göz öňünde tutup kararlaşdyrylmaly.

“Eksklawalar hem edil adaty araçäkler ýaly kanuny we tehniki meseleleri özlerinde jemleýärler, ýöne olar jemagat hojalygynyň hyzmat üpjünçilikleri we adamlaryň hereket mümkinçilikleri bilen bagly meseleler sebäpli has çylşyrymly bolýarlar” diýip, Megoran aýtdy.

Ýer alyş-çalşygynda ýüze çykýan beýleki käbir jedelli meseleler şulardan ybarat, ýagny alşylyp-çalşylan ýerlerde ýaşaýan adamlar özleriniň täze döwletleriniň raýatlygyna geçmäge razylyk bererlermi?

Ýa-da meselem, Sohda ýaşaýan özbek raýatlary Özbegistana göçmek islärlermi? Olar göçmek üçin kompensasiýa talap ederlermi?

“50 müň ilatly Soh we 5 müň adamly Şohimardon uly göwrümli eksklawalardyr, şol sebäpden ilat sany çylşyrymly faktordyr” diýip, Megoran aýdýar. Ol ilaty göçürmegiň “agyr alternatiwadygyny” we munuň “döran jemgyýetleriň köki-damary bilen ýok edilmegine hem-de Merkezi Aziýalylar üçin örän wajyp hasaplanýan ýer bilen bagly taryhy baglaryň goparylyp aýrylmagyna” ýol açyp biljekdigini aýdýar.

“Ýer alyş-çalşygy arap ýarym adasynda belli bir derejede üstünlikli amala aşyryldy, ýöne ol territoriýalar köp ilatly däldi, şol sebäpden örän ujypsyz kynçylyklar döredi. Ýöne Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Fergana jülgesinde ýagdaý beýle däl” diýip, Megoran sözüniň üstüni ýetirdi.

“Territorialary çalmaşmak ýaşaýjylara aňsat düşmez, sebäbi olar aýdarlar: “Bu ýerler bize atalarymyzdan miras galdy, biz asyrlaryň dowamynda bu ýerlerde ýaşap gelýäris” diýerler” diýip, Esengul belleýär.

Şohimardon eksklawasy özbekler üçin aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi bu ýerde meşhur ýazyjy, şahyr we alym Hamza Hakimzade Niýazi 1929-njy ýylda daşlanyp öldürildi.

“Özbegistanly resmiler çalmaşýan territoriýalaryndaky özbek raýatlaryny göçürmek üçin olaryň göwnüni tapmaly bolarlar. Resmiler olar göçer ýaly, Özbegistanda gowy ýer hödürlemeli bolarlar” diýip, Esengul sözüniň üstüni ýetirdi.

Koridorlary döretmek

Ikinji alternatiwa eksklawalardan ata ýurda birigýän koridorlary döredip, şol ýerleri degişli döwletlere bermek bolar.

Bu ýerde-de ýeriň söwdasy barada gürrüň ediler, ýöne has kiçi-girim territoriýanyň söwdasy ediler we has az adam bu çäreden täsirlener.

Ýöne amatly ýollar bilen koridorlary döretmek we serhet geçelgelerinden sowlup geçer ýaly mümkinçilikleri döretmek hem özbaşyna çylşyrymly bolmagy mümkin.

“Eksklawalara tarap ýerden koridorlary döretmek bölüşik, sakçylyk we eksklawanyň daşyny gurşaýan ýurduň territoriýasynyň içinden we töwereginden aýlanmak bilen bagly täze meseleleri döreder” diýip, Megoran aýdýar.

Üçünji ýol

Megoran üçünji bir ýoly salgy berýär. Bu ýol Sowet döwründen soň ýatyp galan ýol, ýagny doly erkinlik we serhediň doly açylmagy.

Bu çözgüt Belgiýa bilen Niderlandlaryň arasyndaky 24 sany kiçijik eksklawalar boýunça dörän meseleleri çözmek işine ýarapdy.

“Iň gowy mysal, Belgiýa bilen Niderlandlaryň serhetleriniň ugrundaky Barle-Hertog anklawasy. Ol ýerde belgiýalylaryň we gollandlaryň doly azat-erkin hereket etmeklerine mümkinçilik döredilmegi iki halkyň arasyndaky asuda hyzmatdaşlyga kepil geçýär. Şeýlelikde, ýer çalmaşmagam, koridor döretmegem zerur bolmaýar” diýip, Megoran belleýär.

Merkezi Aziýada bu şertleriň amala aşyrylmagy örän köp özgerişleri we döwletleriň arasyndaky has güýçli gatnaşyklary talap eder.

Özbek-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýygjamlaşmagy we serhet dawalarynyň çözülmäge başlanmagy tötänleýin däldir.

Prezident Mirziýoýew sentýabr aýynda Bişkekde eden çykyşynda ajaýyp duýgulary jemläp aýtdy: “Bu serhetler dostluk serhedine öwrülmeli”

Bu sözler gazak-gyrgyz gatnaşyklaryna doly ters gelýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky aýlarda has-da gowşap, gazagystanly resmiler ýurduň gyrgyz serhedini tas doly ýapypdylar.

“Öňi-soňy” diýip, Megoran sözüni jemleýär: “öňi-soňy, ýagşy ýa-da ýaman serhet bolmaýar, döwletleriň arasynda ýagşy ýa-da ýaman gatnaşyklar bolýar”.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG