Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Zähmet biržasynda ‘iş hödürlendi’ diýen galp dokumente gol çekdirýärler”


Bazarlaryň birinde "günlükçi" bolup işleýän türkmenistanly. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleriniň “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” ugrunda ýörite maksatnamany kabul edýän pursady, ýaş türkmenistanlylar işsizlik sebäpli kösenýändiklerini, şeýle-de ýerli resmileriň hamana “iş hödürlendi” diýen galp dokumente gol çekdirýändiklerini gürrüň berýärler.

Maryly 26 ýaşyndaky Çary (ady üýtgedilen – red.) häzirki güne çenli kadaly iş ýerini tapyp bilmän kösenýändigini, dürli gurluşyk obýektlerinde “günlükçi” bolup, zähmet çekýändigini gürrüň berdi.

Iki çaganyň kakasy, orta bilimli Çary döwlet mediasynda “ýaşlary iş bilen üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi” baradaky maglumatlary diňläninden soň, iş gözleginde ýerli Zähmet biržasyna ýüz tutmak kararyna gelýär.

Emma, ol ýerde hiç hili anyk iş barada gürrüň edilmän, munuň deregine Çarynyň öňünde “üç iş ornunyň hödürlenendigi” baradaky dil hatynyň nusgasy goýulýar.

“Iş sorap Zähmet biržasyna bardym. Geň bir wakany başdan geçirdim. Ähli zatdan öňürti, maňa bir dil hatynyň nusgasyny berip, ony öz adymdan göçürmegimi talap etdiler. Ol dokumentde men maňa hamana üç iş ornunyň hödürlenendigini tassyklamalydym” diýip, Çary gürrüň berdi.

Çary bu dil hatyny ýazmakdan boýun gaçyranyndan soň, ýerli resmi ony “iş tapylsa, habar bereris” diýip, ugradyp goýberendigini aýtdy.

“Gaty kemsindim. ‘Pagta bilen damagymy çalyp’ kowup goýberdiler. Iş tapyp bermeseler, işsizlik posobiýasyny talap etjek. Nirä çykmaly hem bolsa, indi öz hukugymy talap etjek” diýip, Çary Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýurtda 2016-njy ýylda kabul edilen Kanunda “işsiz” hökmünde resmi hasaba alnan adama pul kömeginiň tölenjekdigine kepil geçilýär.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň Çarynyň ýüz tutan Zähmet biržasyndan bu waka dogrusynda nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň dürli künjeklerindäki, şol sanda ýokary bilimli ýaşlaryndan iş tapyp bilmän kösenýändikleri dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Işsizlikden kösenýän ýaşlaryň käbiri alan hünäri bilen ilteşikli ýerli edaralara, Bilim ministrligine ýüz tutanlarynda, olara “ekerançylyk bilen meşgullanmagyň” maslahat berlendigini hem gürrüň berdiler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidentiniň “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” üçin 2018-2020-nji ýyllar boýunça ýörite maksatnamany kabul etmegine, ýurduň gazetlerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli spesialistleriň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan bildirişleriň çap edilýändigine garamazdan, ýurtda işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýaýrandygyny, şol sebäpli ýaşlaryň köpüsiniň işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyny, ýagdaýdan habarly ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýarlar.

Şeýle-de, türkmen resmileri ýurtdaky işsizligiň görkezijileri barada hiç hili statistiki maglumat bermeýärler. Emma, 2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar bir çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e golaýdygyny, bu mesele barada ýurduň Merkezi bankynda bolan maslahatda gürrüň edilendigini habar beripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG