Britaniýanyň terrorizme garşy göreşýän polisiýasy Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr keseli hakda derňewleri geçirmegi öz üstüne aldy. Bu waka media maglumatlarynda geçen ýyl Skripalyň oglunyň Russiýa eden sapary döwründe nämälim sebäplerden ölendigi barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Johnson wakada islendik daşary ýurt hökümetiniň arabaglanyşygy bolsa, onda munuň “jezasyz” galmajakdygyny duýduransoň, Skotland Ýard özüniň terrorizme garşy göreşýän birleşiginiň “adaty bolmadyk ýagdaýlar” bilen ilteşikli işiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny mälim etdi.
Britaniýa ýurduň günbataryndaky Salisburide bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylan 66 ýaşlaryndaky Skripalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýanyň keselhananyň agyr näsaglaryň ýatýan bölümine ýerleşmegine getiren we sebäpleri henizem aýdyňlaşdyrylmaýan ýagdaýlar boýunça derňew işlerini güýçlendirdi.
BBC neşiri Skripalyň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp, soňky ýyllarda onuň käbir maşgala agzalarynyň “adaty bolmadyk ýagdaýlarda” aradan çykandygyny habar berdi.