Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Saud Arabystany pakistanlylaryň hukuklaryny bozýar


Saud Arabystanynyň kartasy

Human Rights Watch guramasy we düýbi Lahorda ýerleşýän “Pakistanyň Adalat proýekti” Saud Arabystanynyň jenaýatlar boýunça adalat ulgamynyň pakistanly tussaglaryň adalatly we kada laýyk sud edilmek hukugyny bozýandygyny aýdýarlar.

“Jenaýatlar boýunça adalat ulgamyndaky ýetmezçilikler, hususan-da, kanuny ýardam tapmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan pakistanlylara täsir ýetirýär” diýlip, agzalýan guramanyň 7-nji martda ýaýradan 29 sahypalyk hasabatynda bellenilýär.

Hasabatda Pakistanyň raýatlaryny öz içine alýan sud işlerinde “düzgün bozulmalara” üns çekilýär. Bularyň hataryna sud edilmezden ýa-da kanuny aýyplama bildirilmezden, tussaglaryň uzak möhletleýin tussaglykda saklanylmagy, ýuridiki kömege elýetersizligi, terjimeleriň nädogry edilmegi we bendilere aýyplamalary boýun alýandygy baradaky resminama gol çekmäge basyş edilmegi girýär.

Saud Arabystanynda 12 million daşary ýurtlynyň ýaşaýandygy çaklanylýar. Bu görkeziji ýurduň umumy ilatynyň üçden bir böleginden hem gowragyna barabardyr.

Human Rights Watch guramasy Saud Arabystanynda 1,6 million pakistanlynyň ýaşaýandygyny we olaryň aglabasynyň işçi migrantdygyny aýdyp, soňky dört ýylyň dowamynda bu ýurtda 73 pakistanlynyň ölüm jezasyna höküm edilendigini belleýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG