Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köpçülikleýin iş orunlarynyň kemeldilmeginiň “nobatdaky tolkunyna garaşylýar”


Türkmenistanda geçen ýylyň aýagyndan başlap dürli pudakdaky işgärleriň müňlerçesi eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.
Türkmenistanda geçen ýylyň aýagyndan başlap dürli pudakdaky işgärleriň müňlerçesi eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýurtda köpçülikleýin ýagdaýda iş orunlarynyň kemeldilmeginiň nobatdaky tolkunyna garaşylýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosyna ýurduň medeniýet we magaryf pudagynyň işgärleriniň ugradan hatynda Aşgabadyň muzeýlerinde, medeniýet merkezlerinde, kitaphanalarynda we beýleki edaralarynda köpçülikleýin ştat kemeltmeleriniň planlaşdyrylýandygy habar berilýär.

Gowşan maglumatlarda anyk edaralaryň we wezipelerinden boşadylmaly işgärleriň takyk sanlary görkezilýär. Emma, bular dogrusynda degişli edaralaryň resmilerinden hiç hili kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, Azatlyk Radiosy häzirlikçe olary çap etmekden saklanýar.

Ýöne, Aşgabat boýunça wezipelerinden boşadyljakdygy aýdylýan işgärleriň sanynyň müňden hem geçýändigini, olaryň arasynda ýüzlerçe mekdep mugallymlarynyň-da bardygyny belläp geçmelidiris.

Şeýle-de, ýakynda Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda hem üstümizdäki aýda köpçülikleýin işden çykarmalaryň boljakdygy barada maglumat gowuşdy.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna bu ugurda maglumat beren Sakar şäherçesindäki käbir döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä, etrapdaky saglyk pudagynyň işgärlerine eýýäm köpçülikleýin işden çykarmalar barasynda basyşlar edilmäge başlanypdyr.

Etrapdaky resmiler işgärlerine: “Döwletden aýlyk alýan işgärler ykdysady sebäplerden köpçülikleýin ýagdaýda işden çykarylar. Biziň edip biljek işimiz ýok we bu biziň ygtyýarymyzda däl. Kabul edilen şeýle karar siz näme etseňizem üýtgedilmez. Indi hem nirä arz-şikaýat etmek isleýän bolsaňyz, baryň ediberiň” görnüşinde jogap berip, köpçülikleýin işden çykarmalaryň nähili görnüşde boljagy barasynda jikme-jik maglumat bermändirler.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda iş orunlaryny kemeltmek ýa-da doly iş stawkasyndan ýarym iş stawkasyna geçirmek tejribesi geçen ýyldan bäri dowam edip, soňky döwür bu ugurdaky işler has-da güýçlendi.

Munuň netijesinde, Türkmenistanda geçen ýylyň aýagyndan başlap dürli pudakdaky işgärleriň müňlerçesi eýeleýän wezipelerinden boşadyldy, şeýle-de müňlerçe işgäre ýakynda iş orunlaryndan mahrum boljakdyklary barada duýduryş berildi.

Ýurduň Dokma senagaty pudagynda, şol sanda Aşgabadyň günortasyndaky Dokma fabriginde, Daşoguz hem-de Baýramaly şäherlerindäki çigit ýagyny öndürýän zawodlarda, nebit-gaz pudagyna degişli edara-kärhanalarda işgärleriň sanynyň kemeldiljekdigi barada duýduryşlar hem berildi.

Ýurtda döwlete degişli käbir pudak kärhanalarynyň sanynyň we iş orunlarynyň kemeldilmegi barada türkmen resmileri we media serişdeleri tarapyndan aç-açan maglumat ýa-da düşündiriş berilmese-de, bu waka dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG