Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Metbugat kanunyny 'bozmagyny' dowam etdirýär


Türkmen neşirleri
Türkmen neşirleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji martda “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Jepbarowy “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi.

TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, “Bereketli topragyň” öňki baş redaktory Bekmyrat Kakageldiýew pensiýa çykdy.

Bellemeli ýeri, geçen ýylyň tomsunda Berdimuhamedow bu gazetiň baş redaktorynyň orunbasaryny hem täzeläpdi, ýagny Täçgeldi Gutlyýewi wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Aýnabat Ataýewany belläpdi. Ýöne şonda T.Gutlyýewiň işden boşadylmagynyň sebäbi aýdylmandy.

Bu sanawa “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Meretmämmet Hanmämmedowyň wezipesinden boşadylmagyny we onuň ýerine “Adalat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Abdulmejit Myradowyň baş redaktor bellenilmegini hem goşup bolar.

Ýerli synçylar türkmen prezidentiniň baş redaktorlary işe bellemek we wezipeden boşatmak bilen, ýurduň Metbugat hakyndaky kanunyny gödek bozýandygyny belleýärler.

Ýewropada ýaşaýan türkmen ýuristi Timur Misrihanowyň pikirine görä, Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 10-njy aprelinde “Sport” telekanalynyň direktory Ýoldaşgeldi Hanalyýewi wezipesinden boşadanda hem Türkmenistanyň Metbugat hakyndaky kanuny bozdy.

Ýuristiň bellemegine görä, Metbugat hakyndaky kanunyň 16-njy maddasynda “Baş redaktoryň köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň esaslandyryjysy tarapyndan bellenilýändigi we işden boşadylýandygy, ýa-da redaksiýanyň Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan tertipde saýlanýandygy ýa-da işden boşadylýandygy” aýdylýar.

“Sport” telekanalynyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komiteti bolup durýar.

Şeýle-de, soňky bir ýylyň dowamynda iki ýolbaşçysy täzelenen neşir – “Bereketli toprak” hem ýurduň Oba we suw hojalygy ministrligine degişli we gazetiň baş redaktorynyň we orunbasarynyň prezidentiň permany ýa karary bilen işden boşadylmagy ýerli kanunçylyga gabat gelmeýär.

Synçylar Türkmenistanyň Baş kanunynda prezidentiň baş redaktorlary wezipeden aýryp-goýmagy hakynda hiç zat aýdylmandygyny hem belleýärler.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda kabul edilen we 2013-nji ýylyň ýanwarynda güýje giren Metbugat kanuny senzuranyň gadagan edilýändigini yglan etdi.

Mundanam başga, täze kanun ýerli häkimiýetler bilen bir hatarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, beýleki ýuridiki şahslar, şeýle-de 18 ýaşyna ýeten türkmen raýatlary tarapyndan habar serişdesiniň esaslandyrylyp biljekdigini yglan etdi. Ýöne muňa garamazdan, ýurtda garaşsyz metbugat neşirleri döredilmedi we daşary ýurtlardaky erkin neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli žurnalistleriň ýanalmasy azalmady.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow türkmen metbugatyndan, hususan-da telewideniýäniň işinden hemişe nägile bolýar we bu ugra jogap berýän ministri, wise-premýeri yzygiderli çalşyp durýar.

Halkara hukuk toparlarynyň metbugat azatlygy baradaky hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlarda görkezilýär.

XS
SM
MD
LG