Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow üç orunbasaryny täzeläp, Žurnalistika institutyny döretmek kararyna geldi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda geçiren giňişleýin hökümet maslahatyny öz orunbasarlaryny täzelemekden, täze ministrleri we beýleki jogapkär ýolbaşçylary bellemekden başlady.

Bu kadr çalşygy öňki wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewiň Ylymlar Akademiýasynyň prezidentligine bellenmegi sebäpli hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň birinji aýynda birbada üç wise-premýerini täzeledi, alty sant täze ministr belledi.

“Muhammetmyrat Aýdogdyýew tejribeli hem sowatly ýolbaşçy, şoňa görä-de sizi, başga işe geçýänligiňiz sebäpli, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň baş direktorlygyna bellemek barada karara geldim” diýip, prezident aýtdy.

Geçen ýyl sosial mediada peýda bolan maglumatlara görä, bu kombinat häzirlikçe doly güýjünde önüm bererden juda uzakda we prezident Berdimuhamedow bu fakty gytaklaýyn tassyk etdi hem-de bu kärhanadaky önümçiligiň derejesini taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlygyna ýetirmegi tabşyrdy. Şondan soň Aýdogdyýewiň mejlisden ‘gidip biljekdigi’ aýdyldy.

Bellemeli ýeri, bir milliard dollardan hem gowrak serişdä gurlan Garlyk kombinatynyň öndüren dökünleriniň Hytaýa, Hindistana eksport ediljekdigi aýdylypdy, emma soň prezident ýurduň öz içindäki dökün ýetmezçiliklerini hem boýun aldy.

Prezident hökümet başlygynyň senagat boýunça täze orunbasarynyň wezipesine öň senagat ministri bolup işlän Kerim Durdymyradowy belledi.

Ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýeriň wezipesine ozalky bilim ministri Pürli Agamyradow bellendi (ozalky wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew 25-nji ýanwarda Ylymlar Akademiýasynyň prezidentligine bellendi). Bilim ministriniň wezipesine Mejlisde komitet ýolbaşçysy bolan Mämmetmyrat Geldinyýazow bellenildi.

Şeýle-de prezident Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek kararyna gelendigini, täze ministr edip Daýanç Gulgeldiýewi belleýändigini habar berdi.

Soňra prezident wise-premýer Agamyradowa ýüzlenip, döwürden yza galmazlyk üçin, maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw programmalarynyň taýýarlanylmalydygyny ýatlatdy, “halkara hukukçylaryny taýýarlamak barada-ha men aýdybam durjak däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we metbugat boýunça orunbasary, doňky döwürde birnäçe gezek käýinç we duýduryş berlen Annageldi Garajaýew hem “başga işe” geçirildi. Berdimuhamedow türkmen kinosynyň soňky 26 ýyladaky gözgyny ýagdaýyny boýun alyp, Garajaýewe “türkmen kinosynyň öňki şan şöhratyny dikeltmegi” tabşyrdy. Şondan soň Garajaýewiň hem mejlisden gitmelidigi aýdyldy.

Prezident medeniýet we metbugat boýunça wise-premýeriň wezipesine Bahargül Abdyýewany belledi, ol ozal Ministrler kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinde işleýärdi.

Berdimuhamedow Abdyýewa hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň aýdylanlardan netije çykarmalydygyny we bu ugurda alnyp barylýan işleri has gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmelidiklerini ýatlatdy. Şeýle-de prezident ýokary taýýarlykly žurnalist kadrlaryny taýýarlamak üçin Žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretmek meselesini gozgady.

Mälim bolşy ýaly, Berdimuhamedow milli metbugaty yzygiderli tankyt edýär we metbugat işgärleriniň ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägileligini bildirýär, bu ugra gözegçilik edýän orunbasarlaryny, beýleki jogapkär işgärleri täzeläp durýar.

Şeýle-de mejlisde geçen ýylyň netijeleri boýunça ähli pudakda “okgunly ösüşiň üpjün edilendigi” habar berildi. Emma muňa garamazdan, prezident geçen ýylyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmändigi üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa berk käýinç berdi, nebit-gaz toplumynyň edaralarynyň hiç biriniň 2017-nji ýyldaky döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmändigini, eksport mukdarynyň azalandygyny, önüm öndürmek derejesiniň peselendigini aýtdy.

Mundanam başga, prezident banklaryň gowşak işleýändigini boýun aldy, töleg kartlary, oba hojalygynda önüm öndürijiler bilen hasaplaşmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek bilen bagly işleri kämilleşdirmelidigini belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG