Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Türkmen häkimiýetleri interneti yzarlamak üçin içalyçylyk programmalaryny satyn alýar


Illýustrasiýa suraty

Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Loýd Rassel Moýlyň (Lloyd Russell-Moyle) awtorlygynda ýurduň abraýly neşiri The Indepentde 7-nji martda çap edilen makalada Birleşen Karollygyň hökümetiniň beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistana öz raýatlaryny internetde yzarlamaga mümkinçilik berýän internet içalyçylyk programmalarynyň satylmagyna rugsat berendigi nygtalýar.

“Biziň hökümetimiziň repressiw režimlere adamlary yzarlamak üçin güýçli enjamlary satmagy adam hukuklaryna howp salýar” ady bilen çap edilen makalada Britaniýanyň tassyklamagynda internet içalyçylyk enjamlary satylan ýurtlarda agzalýan programmalar arkaly adamlaryň elektron hatlaryna girilýändigi, telefon ýazgylaryna aralyşylýandygy we raýatlaryň göterýän akylly telefonlarynyň olaryň seslerini ýazmak üçin uzak aralykdan mikrofon hökmünde ulanylyp bilinýändigine üns çekilýär.

Makalada britan hökümetiniň Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Bruneýi Soltanlygyna, Türkiýä, Bahreýine we ş.m ýurtlara internet içalyçylyk programmalarynyň satylmagyny tassyklandygy aýdylansoň, “hökümet [bularyň] hatda Türkmenistana satylmagyny-da rugsat berdi” diýilýär we bu ýurtdaky režimiň awtoritar häsiýetine gysgajyk salgylanylýar.

Kagyz ýüzünde britaniýaly kompaniýalar gözegçilik maksatly enjamlary öz halkyny ezýän döwletlere satmaga hukukly däl, ýöne iş ýüzünde hökümet muňa rugsat berýär, diýip parlamentiň agzasy The Independent neşirinde çap eden makalasynda belleýär.

Aslynda, türkmen hökümetiniň öz raýatlaryny internetde yzarlamak üçin dürli içalyçylyk programmalary bilen içgin gyzyklanýandygy täzelik däl. Mundan ozal, has takygy, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (Organized Crime and Corruption Reporting Project – OCCRP) 2015-nji ýylyň 14-nji iýulynda paş eden maglumatlarynda, düýbi Dubaýda ýerleşýän “RCS MEA JLT” atly softweýr kompaniýanyň araçylyk etmeginde Türkmenistanyň “Hacking Team” firmasyndan içalyçylyk programmalaryny satyn almak synanyşygy barada gürrüň edilýär.

Hökümet nähili usullar arkaly ýurduň raýatlaryny internetde yzarlaýar?

Şeýle sorag bilen biz Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň dijital howpsuzlyk boýunça eksperti Michal Rysiek Wozniaka ýüzlendik.

“Şeýle programmalar internet ulanyjylaryny yzarlamak üçin; haýsy enjamlaryň haýsy websaýtlara girýändigini, ýa-da haýsy tilsimiň nähili ýagdaýda ulanylýandygyny anyklamak üçin ulanylýar. Eger-de ulanyjylaryň girýän websaýtlarynda, ýa-da tilsimlerinde HTTPS ýok bolsa, onda häkimiýetler ulanyjylaryň internetden alýan maglumatlarynyň mazmunyna seredip bilýärler” diýip, ekspert belledi.

“Häkimiýetler hatda SSL/TLS enkripsiýalaryny, ýagny internet älemindäki howpsuzlyk galkanlaryny, (meselem HTTPS-i) döwmäge synanyşyp enkripsiýaly, ýagny galkanly websaýtlardaky aragatnaşyklary hem okap bilýärler” diýip, digital howpsuzlyk boýunça ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen häkimiýetleriniň VPN we Proxy serwerleri arkaly internete girýän ulanyjylary nädip anyklaýan bolmagynyň mümkindigi barada beren soragymyza Wosniak şeýle jogap berdi:

“Bu tehnologiýalaryň, ikisi-de [VPN we Proxy] Türkmenistanyň çäginiň daşyndaky serwerler arkaly maglumaty akdyrýarlar. Türkmen häkimiýetleri şol agzalýan serwerleriň sanawyny döredip, olardaky internet trafikasyny, ýagny maglumat giriş-çykyşyny yzarlap bilýändirler. Eger-de şol VPN ýa-da Proxy serwer bilen bolan gatnaşygy anyklasalar, olar bu programmalary kimleriň ulanýandygynyň anygyna-şänigine ýetip bilýärler” diýip, ol belledi.

Digital howpsuzlyk boýunça ekspert bu tehnologiýalaryň örän çylşyrymlydygyny, şol sebäpden häkimiýetleriň ýa ýokary taýýarlykly hünär okuwyny geçen bolmagynyň mümkindigini, ýa-da olaryň daşardan hakyna tutma hünärmenleri ulanýan bolmagynyň ahmaldygyny belledi. Ýöne ol ikinji pikire, ýagny daşardan ulanylýan hakyna tutmalar baradaky çaklamalara has çyna berimli garaýandygyny ýaňzytdy.

Häkimiýetleriň internet ulanyjylaryny yzarlamak mümkinçilikleri baradaky belliklerine dowam edip Wosniak, şeýle diýdi: “Bu ugurda ulanylýan ikinji usul, ýagny zyýanly malweýrleri (ýörite zäherlenen programmalary) internet aragatnaşygynyň arasyna ekmek bilen ulanyjylary yzarlamak has ýeserdir. Mysal üçin, siziň brauzeriňiz HTTPS ulanmaýan bir saýta baglanýar. [Häkimiýetleriň] enjamy bu aragatnaşygy anyklap siziň nyşanan alnanlardan biridigiňizi ýa-da däldigiňize karar berýär. Eger şolardan biri bolsaňyz, onda bu aragatnaşyk awtomatiki usulda (siziň mundan habaryňyzam bolmaýar) olaryň öz serwerlerine ugrukdyrylýar. Olaryň serwerleri siziň brauzerde girjek bolýan saýtyňyzy açýar, ýöne muňa öz malweýrlerini, ýagny siziň enjamyňyz üçin niýetlenen ýörite zäherli programmalaryny goşup, onsoň açýar. Şeýlelikde, brauzeriňiz siziň açmakçy bolan saýtyňyzy açýar ýöne şol bir wagtyň özünde, siziň habaryňyz bolmazdan, enjamyňyza ýörite gulluklaryň yzarlamak üçin niýetlän programmalary siziň kompýuteriňize ornaşdyrylýar. Şeýdibem ol [zäherlenen] kompýuterde [ýa-da islendik enjamda] amala aşyrylýan işleriň hasaby ýöredilip, oňa gözegçilik edilip bilinýär. Siz hiç hili howply çelgä basmasaňyzam şu zatlary edip bolýar” diýip, ekspert maglumat berdi.

Şol sebäpden häkimiýetleriň VPN ulanýanlara “jynlarynyň düşýändigini”, sebäbi bu tilsim arkaly olaryň belli bir derejede howpsuz tunele girýändigini, ol ýerde olary yzarlamagyň kynlaşýandygyny, häkimiýetleriň hemmeleri arkaýyn yzarlamak üçin adamlaryň ejiz, howpsuzlygy üpjün edilmedik internet ulanmagyny isleýändigini gürrüň berdi.

Internet ulanyjylary nädip goranmaly?

Bu aralykda, Azatlygyň bir okyjysy Türkmenistanda petiklenen saýtlara Psiphon ulanyp girilende munuň dessine anyklanýandygyny aýdyp “Şu ýyldan başlap “Psiphon” saýtynyň içinden ýapyk saýtlara girseň, 20-30 minudyň içinde komitetler gelip, seniň şol saýta giren wagtyňy görkezip, seni diňlemän göni alyp gidýärler” diýip gürrüň berdi.

“Goranyş mümkinçilikleri” barada okyjylarymyzyň howpsuzlyk aladalary boýunça soraga gysgarak jogap beren ekspert interneti howpsuz ulanmak üçin “Tor” brauzerini ulanmagy, ýa-da ShadowSock atlandyrylýan, internet älemindäki saýaly giňişliklere sygynmagy maslahat berdi we ShadowSock tehnologiýalarynyň internete girilýän saýtlara adaty HTTPS ýaly howpsuzlyk maskasyny geýdirýändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de, ekspert internet ulanyjylaryň VPN ýa-da “Open Proxy” ulanmagyny maslahat bermeýär, sebäbi howpsuzlyk gulluklaryna bu sistemalaryň sanawynyň mydama täzelenip ýetirilýän bolmagynyň mümkindigini aýdyp “Tor” brauzerini ulanmagy maslahat berdi. “ ‘Tor’ brazueriniň trafikasyny, ýagny ol ýerdäki maglumatyň hereketini seljermek VPN-i seljermekden has çylşyrymly” diýip, ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen häkimiýetlerini şeýle tehnologiýalar bilen üpjün edýän kompaniýalar barada maglumat beren Wosniak “BlueCoat”, “Gamma International” ýaly firmalaryň atlaryny agzap bularyň türkmen internetini “ilik-düwme süzmekde” häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal WikiLeaksiň saýtynda Gamma International kompaniýasynyň Türkmenistanyň TMCell Mobile ulgamlarynyň synasyna Proxy infeksiýalaryny ornaşdyrmak boýunça eden tagallalary dogrusynda giňişleýin maglumatlar peýda bolupdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG