Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow un gytçylygynyň fonunda, galla hasyly baradaky sanlary artdyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda un gytçylygynyň dowam edýän mahaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl ýurt boýunça ýygnanan galla hasylynyň möçberini üýtgedip, onuň 1 milliondan gowrak däl-de, 1 ýarym milliondan gowrak bolandygyny aýtdy.

(Читайте также на русском)

Bu barada türkmen lideri 9-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş edip, geçen ýyl diňe bugdaýyň däl, eýse beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belledi.

“Edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen geçen ýyl ýurdumyz boýunça bir ýarym million tonnadan gowrak bugdaý we 1 million 100 müň tonnadan gowrak hem pagta öndürildi” diýlip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatynda Berdimuhamedowyň sözleri getirilýär.

​Emma mundan sekiz aý öň, has takygy 2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen hökümet maslahatynda, prezidentiň bugdaý öndürmek babatda görkezijileriň pesdigine nägilelik bildirendigi we ýurduň welaýatlarynyň hiç biriniň-de şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmändigi mälim edildi.

“Şu ýyl ýurdumyzda 1 million tonnadan sähel gowrak galla hasyly ýygnalyp alyndy. Bu görkeziji döwlet tabşyrygynda bellenen möçberden ep - esli az. Şeýle pes netijeleriň gazanylmagynyň esasy sebäbi welaýat we etrap häkimleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň işleri talabalaýyk gurap, ýerden-suwdan netijeli peýdalanyp, adamlary üstünlige ruhlandyrmagy başarmanlygyndan gelip çykýar” diýip, resmi metbugat türkmen prezidentiniň sözlerini sitirläpdi.

Şunuň bilen baglylykda, Berdimuhamedow “welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri” üçin, Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe, Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe we Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa, soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç hem yglan edipdi.

Mundanam başga, bu wakadan sanlyja gün soň prezident “Türkmenhimiýa” döwlet assosiasiýasynyň başlygyna berk käýinç yglan edip, bu assosiasiýanyň daýhanlary gerekli himiki dökünler bilen üpjün etmekde birgiden kemçiliklere ýol berýändigini aýdypdy.

Sebäpleri barada anyk bir zat aýtmak kyn

Edil häzirki wagt Türkmenistanda geçen ýyl alnan galla hasylynyň möçberi baradaky sanlaryň üýtgedilmegi we onuň sebäpleri barada anyk bir zat aýtmak kyn bolsa-da, bu waka ýurtda un, kepek, çörek gytçylygynyň dowam edýän we döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň, käte basa-baslyklaryň emele gelen mahalyna gabat geldi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, ýurduň döwlete degişli dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly un çäkli möçberde, ýagny belli bir wagt aralygynda, her gün ortaça 2 sagat, käte 1 sagat satylýar. Bu bolsa, uny satyn alyp bilmedik raýatlaryň arasynda nägilelikleri döredýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň welaýatlarynda her adam başyna bir aýda 5 kilogramdan artyk un satmazlyk çäklendirmesi hem saklanyp galýar. Munuň netijesinde, sebitde ýiti çörek ýetmezçiliginiň dörändigine üns çekilýär.

Habarlary ýalana çykarmak "tagallalarynyň bir bölegi"

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew türkmen metbugatynda döwlet harmanyna ýygnanan galla hasylynyň möçberi baradaky sanyň üýtgedilmeginiň harp, san ýalňyşy bolmagynyň-da mümkindigini, ýöne munuň ýurtdaky un gytçylygy hakynda ýaýran habarlary ýalana çykarmak ýa-da üstüni basdyrmak üçin edilýän bolmak ähtimallygynyň hakykata has ýakyndygyny aýdýar. Şeýle-de, ol bu çykyşyň ýurduň daşyndaky adamlaryň gözüne “çöp atmak üçin” edilendigini hem belleýär.

“Şol çykyşyň Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlenip edilendigini aýtmak bir taraply, ýüzleý bolar. Sebäbi Türkmenistanda geçen ýyl galla hasylynyň üçden bir böleginiň ýitirilendigini goňşy-golam ýurtlar bilýär. Dünýä metbugatynda-da aýdylýar, Azatlyk Radiosy yzygiderli çykyşlar berýär. Şol sebäpli muny ýurduň özi üçin däl-de, ýurduň daşy üçin niýetlenen çykyş diýip aýtmak gerek” diýip, Bugaýew sanlaryň üýtgedileni bilen, ilatyň garnynyň doýmaýandygyny, munuň deregine kemçiligiň boýun alynmalydygyny we bu babatda çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanda her ýyl diýen ýaly döwlet tarapyndan kesgitlenýän plana laýyklykda, türkmen daýhanlary döwlet harmanyna 1 million 600 müň tonna däne tabşyrmaly.

Türkmen emeldarlary babadaýhanlaryň “ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw bilen hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda we doly üpjün edilýändigini” tekrarlaýarlar.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlaryň ençemesi bu çykyşlaryň diňe dil üstünde ýa-da kagyz ýüzünde galýandygyny aýdyp, iş ýüzünde özlerine ýeterlik derejede goldaw berilmeýändigini we munuň netijesinde köplenç göz öňünde tutulan hasylyň alynmaýandygyny gürrüň berýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen mediasy ýurtda 2016-njy ýylda 1 million 600 müň tonna, 2015-nji ýylda 1 million 50 müň tonna, 2014-nji ýylda 1 million 200 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny mälim edipdi.

Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýyldaky kesgitlemesine görä, Türkmenistanyň ilaty üçin ýylda 2 million 500 müň tonna galla gerek.

XS
SM
MD
LG