Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow işleriň barşyny ýene dikuçardan synlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň ýanynda. TH-nyň fotosuraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýun aýyndan bäri ikinji gezek dikuçar sürüp, Aşgabatda we Ahal ýaýlasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, resmi metbugatda onuň döwlet dolandyrmak we dikuçar sürmek başarnygy taryplandy.

Uçuş mahalynda esasanpaýtagty abadanlaşdyrmak, onda arassaçylygy, tertip-düzgüni üpjün etmek, ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns berlendigi aýdylýar, ýöne prezidentiň “guşuçar belentlikden” gözegçilik eden sport desgalary, täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary, Ahal ýaýlasynda gurulýan 3 müň orunlyk “Ak öý” binasy we beýlekiler bilen baglylykda anyk näme aýdandygy, bu gözegçiligiň maksadynyň näme bolandygy belli bolman galýar.

Ýerli synçylar, şol sanda bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Berdimuhamedowyň Aşgabatda we onuň ýokarsynda amala aşyrýan iş saparlarynyň esasan propaganda maksatlydygyny, ýagny hemme zat gowy, prezident kemçilikleri düzedýär diýdirmeküçin edilýän oýundygyny öňe sürýär.

Hanamowyň pikirine görä, prezidentiň ýokardan görendigi aýdylýan zatlar, gurulýan desgalar we beýlekiler oňa öňden hem belli zatlar, telewideniýede şol bir sözler bilen lenji çykarylan waspçylyk gaýtalanýar. “Bu ýerde uly sanlary, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren desgalary we şuňa meňzeşleri gaýtalap, öwünmekden başga hiç zat ýok” diýip, Awstriýada ýaşaýan oppozisioner Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertlerinde gürleşen bir aşgabatly dikuçarly iş saparynyň Nyýazow döwründe başlanandygyny we adamlaryň ýokardan edilen gözegçilikden soň esasan jaýlarynyň ýykylmak ähtimallygyndan alada galýandyklaryny aýtdy. “Hernä Berdimuhamedow jaý ýykyň diýmedi, şoňa şükür” diýip, 60 ýaşly aşgabatly aýtdy.

Berdimuhamedow iýun aýynda amala aşyran dikuçarly saparynda Aşgabatda bagly, ýaşyl zolaklary köpeltmek, şäheri gurluşyk zibillerinden arassalamak, awtoduralgalary köpeltmek ýaly meseleleri gozgapdy we Aziada 50 galmagy mynasybetli awtoulagsyz gün, tigir sürüşlik geçirmek, Aziadanyň myhmanlaryna dikuaçarly gezelenç guramak ideýalaryny orta atypdy.

Şondan soň, Aziadanyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli ikinji awtoulagsyz gün hem geçirildi we sosial ulgamlarda aşgabatlylaryň bu çäreler mahalynda ulagsyz gatykösenendigi, hassahanalarda operasiýalaryň soňa goýlandygy habar berildi.

Türkmen mediasy Berdimuhamedowyň Ahal ýaýlasynda täze gurlan 3 müň orunlyk maslahat desgasyny synlap, soňra guşuçar belentlikden Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy bilen tanşandygyny habar berýär, emma onuň bu işlerden kanagatlanyp-kanagatlanmandygyny anyklaşdyrmaýar.

Berdimuhamedow soňky ýarym ýylda oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň, hususan-da bugdaýyň kanagatlanarly däldigini ençeme gezek dile getirdi we käýinç, kadr çalyşmak çärelerini dowam etdirdi. Duşenbe güni geçiren maslahatynda bolsa, mineral dökünleriň ýeterlik däldidi üçin, prezident “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç berdi.

Şol bir wagtda-da prezident döwletiň daýhanlaryň ýokary hasyl almagy üçin ähli şerti döredýändigini gaýtalaýar.

Nobatdaky dikuçarly sapar barada taýýarlanan resmi habarda Aşgabatda we onuň töwereginde gurulýan awtoparklar baradaky maglumatlar aýratyn göze dürtülýär.

Mysal üçin, Aşgabatda umumy 88 müň 139 awtoulaga niýetlenen duralgalaryň 615-si ulanmaga berildi; Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda umumy meýdany 8 gektara barabar bolan 759 orunlyk awtoduralga guruldy; paýtagtyň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Arçabil etraplarynyň çäklerinde 21 müň 294 ulaga niýetlenen 42 awtoduralga bina edildi.

Türkmen paýtagtynyň töwereginde regionlardan gelýän awtoulaglar üçin awtoduralga gurmak we ýolagçylaryň Aşgabada şol ýerden jemgyýetçilik transportynda gelmeli edilmegi beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynda uly nägilelik döredýär. Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan adamlar bu talabyň näsag, gartaşan adamlar we ýaş çagaly aýallar üçin goşmaça kynçylyk döredýändigini aýdýarlar.

Ýatladýarys, Berdimuhamedow şu aýyň başynda dikuçar sürüp, nyşanadan ok atyp, pyçak zyňyp, “ýokary harby taýýarlygyny” görkezeninden soň, dünýäniň habar serişdelerinde bir hepdä golaý iň gyzykly wideohabarlaryň biriniň obýekti boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG