Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi ýene çäklendirildi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda býujet işgärleriniň plastik bank kartlary arkaly bankomatlardan gündelik alyp bilýän puluň möçberi ýene çäklendirilip, bu çäk Aşgabatda 1000 manatdan 800 manada, welaýatlarda 300 manatdan 200 manada azaldyldy.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň we habarçylarynyň tassyklamagyna görä, bu barada raýatlar fewral aýynyň aýlyklaryny, kömek pullaryny, pensiýalaryny we talyp haklaryny almak üçin soňky iki günüň dowamynda bankomatlaryň ýerleşýän nokatlaryna baranda bilip galdylar.

“Aýlygyny, pensiýasyny alýan adam bir günde bankomatdan diňe 800 manady alyp bilýär. Özem şol puluň alnandygy kompýutere ýazylýar. Şäherdäki 10 bankomada barsaň-da, bir günüň dowamynda 800 manatdan artykmaç puly alyp bolanok” diýip, bu ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklanýan Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew döwlet işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol edil şuňa meňzeş ýagdaýyň ýurduň welaýatlarynda hem gaýtalanýandygyny aýdyp, düýn we şu gün aýlyklary plastik bank kartlaryna geçirilen balkanabatly we daşoguzly döwlet işgärleriniň bankomatlardan bir günde öňküsi ýaly 300 manady däl-de, diňe 200 manady nagtlaşdyryp bilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda plastik bank kartlary arkaly bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi çäklendirilen mahaly, bankomat hyzmatlary üçin tutulýan tölegiň mukdary bolsa artdyryldy.

“Bankomat öz hyzmaty üçin siziň alýan pul serişdäňiziň 0,86%-ni tutup alyp galýar. Siz şoňa razymy? diýlen ýazgy bankomatyň ekranynda peýda bolýar. Ondan soň ‘hawa’ diýlen düwmäni basýaň we puly saklap galýar. Has düşnükli bolar ýaly aýdanymyzda, 0,86 diýmek, 1000 manatdan 8 manat 60 teňňäniň saklanylýandygyny aňladýar. Bu bank hyzmatlaryndan daşgary, diňe bankomatyň hyzmatlary üçindir” diýip, Bugaýew öň bu tölegiň 0,5%-e barabar bolandygyny belledi.

Aýdylmagyna görä, bankomatlardan bir günüň dowamynda nagtlaşdyryp bolýan pul serişdesiniň gaýtadan çäklendirilmegi, bankomat hyzmatlary üçin tölegleriň artdyrylmagy we sebäpleri barada ne bank şahamçalarynda, ne-de bankomatlarda bildirişler asyldy.

Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň çetki obalarynda ýaşaýan käbir ýaşaýjylar bu çäklendirmeleriň netijesinde ortaça 1500 manat möçberinde aýlyk alýan döwlet işgärleriniň azyndan ýarym aýlap etrap merkezine gatnamaly boljakdygyny aýdýarlar.

“Öň bäş günde alyp boljak aýlygymyzy almak üçinem azyndan bir hepde, 10 gün etrap merkezine gatnaýardyk. Sebäbi etraba baranyňda-da, bankomatlarda hemişe pul tapdyrmaýar, diňe irden iki-üç sagat pul bolýar. Indi aýlyklarymyzy nagtlaşdyrmak üçin tas 100 kilometr uzakdaky etrap merkezine ýarym aýlap gatnamaly bolarys” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran 50 ýaşlaryndaky balkanly mugallym gürrüň berdi.

Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny, talyp haklaryny plastik kartlar arkaly tölemek düzgüniniň girizilenine indi üç ýyldan gowrak wagt boldy. Munuň netijesinde raýatlar öz plastik kartlaryna geçirilen puly diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler.

Soňky üç ýylyň dowamynda bankomatlardan puly nagtlaşdyrmak düzgünine hem ençeme tapgyr çäklendirmeler girizildi. Ilkibada Aşgabadyň bankomatlaryndan günde 3000 manada çenli pul serişdesini nagtlaşdyryp bolýardy. Geçen ýyl bu çäk ýuwaş-ýuwaşdan kemeldilip, 1000 manada çenli çäklendirilipdi.

Türkmen banklary raýatlaryň diňe ýurduň içinde peýdalanyp bilýän bank kartlaryna däl, eýse Türkmenistanyň daşynda ulanyp bolýan Visa bank kartlaryna hem yzygiderli çäklendirmeleri girizip gelýär.

Fewral aýynda Türkmenistanyň Senagat bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleri raýatlaryň Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň togtadylandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna anonim ýagdaýda gürrüň beripdiler.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran we Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmenistanly studentiň 13-nji martda beren maglumatyna görä, türkmen Visa bank kartlary arkaly bu ýurtda bir aýda ortaça 58 amerikan dollary möçberindäki pul serişdesini nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin peýdalanyp bolýar.

13-nji martda Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan we söwda-satuw işleri üçin Stambula ýygy-ýygydan sapar edýän türkmenistanlylaryň azyndan alty sanysynyň aýtmagyna görä, türkmen banklary tarapyndan berlen Visa kartlary arkaly indi köp wagt bäri puly nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp bolmaýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan kommentariý almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG