Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda öndürilýän azyk harytlarynyň hiline alada bildirýär


Aşgabatdaky söwda dükanlarynyň biri. Illýustrasiýa suraty
Aşgabatdaky söwda dükanlarynyň biri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda daşary ýurtlardan import edilýän azyk harytlarynyň azalmagy bilen ýerli önümleri ulanmaly bolýan türkmen raýatlary ýurduň içinde öndürilen azyk-harytlarynyň hilinden şikaýat edip başladylar diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 16-nji martda gürrüň berdi.

“Muňa owadan gaba gaplanan “Arkaç” nar suwy diýýärler, içi ýöne bir gyzyl süýji suw” diýip, habarçy Azatlyga ugradan suratynyň üsti bilen gürrüňe başlaýar.

“Daşary ýurtdan gelýän şire suwlaryň azalmagy, köpüsiniň asla gelmezligi bilen indi hili oňat tebigy sok hem tapmak kyn” diýip, naryň suwy barada Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşme aýtdy.

“Bahasy 9 manatlyk Gökdepede öndürilen bu sogy aldanyp alanyma puşman etdim, içindäki şire däl-de suw ekeni. Çalaja naryň tagamy bar” diýip, sözüne dowam eden söhbetdeşimiz ýokumly azyk önümleriniň ýurtda barha azalýandygyny öňe sürüp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasynda öndürilýän pagta ýagynyň hili boýunça özünde bar bolan şübhelere-de degip geçen söhbetdeşimiz: “Ol ýerde öndürilýän ýag häzirki wagtda saglyga gaty zyýanly. Ysy ýakymsyz. Sähel köýdürip iýmit üçin ulansaň, başyňy aýlaýar. Lukmanlar bagry näsag adamlara muny iýmezligi maslahat berýärler. Ýeriňden turan wagtyň gözüň garaňkylaýany hem şundan ekeni” diýip, gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň prezidentiniň golaýda, has takygy, şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren hökümet maslahatynda, ýurduň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasynda geçirilen derňewler barada aýdyp, kärhananyň taýýar önümler bölüminiň başlygynyň işiniň derňelýändigi barada hasabat beripdi.

Ýöne derňewden soňky döwürde agzalýan kärhananyň önümçiliginiň hiline degerli oňyn täsiriň ýetendigi ýa-da ýetmändigi nämälimliginde galýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň hili boýunça ýakymsyz maglumatlar peýda bolýar. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysynyň 14-nji martda aýtmagyna görä, ýerli ýaşaýjylar Gazagystanda öndürildi diýlip, bazarlarda 1 kilogramy 5 manatdan satylýan unlaryň Türkmenistanda öndürilýän ýokary sortly unlardan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar. Şeýle-de, agzalýan maglumatda dükanlarda satylýan çörekleriň hiliniň ýaramazlaşýandygy baradaky gürrüňler hem bellenip geçilýär.

Galyberse-de, düýn ýagny 15-nji martda peýda bolan maglumatlarda Aşgabadyň bazarlarynda soňky ulanyş möhleti geçen önümleriň hem satylyp başlanandygy aýdylypdy. Möhleti geçen önümleriň hatarynda ýerli hususy firmalar tarapyndan öndürilen süýt-gatyk we kolbasa, ýagny şöhlat önümleri bellenip geçilýär. Munuň bilen bir hatarda, gürrüňi gidýän maglumatda soňky hepdelerde öndürilen wagty we soňky ulanyş möhletiniň tamamlanýan möhleti görkezilmeýän süýt-gatyk we kolbasa önümleriniň hem köpelýändigi aýdylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanda “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” döwlet kanuny kabul edildi.

Bu kanunyň kabul edilmegi bilen ýurtda 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen “Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda” kanun güýjüni ýitirdi. Degişli kanunçylyk iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär we Türkmenistanyň ilatynyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir.

Agzalýan kanunçylygyň, 5-nji babynyň 28-nji maddasynda ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri boýunça namalar düzgünleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG