Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa 23 britan diplomatyny ýurtdan çykarýar


Britaniýanyň Moskwadaky ilçisi Laurie Bristow Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasyndan çykyp barýar. 13-nji mart, 2018 ý.
Britaniýanyň Moskwadaky ilçisi Laurie Bristow Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasyndan çykyp barýar. 13-nji mart, 2018 ý.

Moskwa ozalky rus içalysyna edilen hüjüm bilen baglylykda, Britaniýanyň 23 rus diplomatyny ýurtdan çykarmagyna jogap hökmünde, Russiýadan 23 sany britan diplomatynyň çykaryljakdygyny mälim etdi. Bu barada şenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýratdy.

Şeýle-de, beýanatda Britaniýanyň Russiýadaky Konsulhanasynyň ýapylýandygy we Sankt Peterburgda britan Konsulhanasyny açmak baradaky ylalaşygyň ýatyrylýandygy bellenilýär.

Britaniýa 66 ýaşly Sergeý Skripalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýulianyň Sowet döwrüniň zäherli gazy bilen öldürilmäge synanyşylmagyndan, Russiýanyň jogapkärdigini aýdýar. Olaryň ikisi-de 4-nji martda Angliýanyň günortasynda ýerleşýän Selizböri şäherindäki bir söwda merkeziniň öňündäki oturgyçda huşsuz ýagdaýda tapyldy. Olar häzir hassahanada saklanýar we ýagdaýlary agyr bolmagynda galýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 17-nji martda Britaniýanyň Moskwadaky ilçisini çagyryp, ony bu jogap çäreleri barada habarly etdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meýiň içaly atlandyran 23 rus diplomatyny Britaniýadan kowmak bilen bir hatarda, ol Russiýa bilen göz öňünde tutulýan ýokary derejeli gatnaşyklaryň togtadyljakdygyny, daşary işler ministri Sergeý Lawrowa edilen çakylygyň ýatyrylýandygyny we britan ministrleriniň hem-de şa maşgalasynyň üstümizdäki tomusda Russiýada geçiriljek furbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de, Meý wehim salýandygy barada subutnama tapylanda, rus döwletiniň Britaniýadaky emläkleriniň doňduryljakdygyny aýtdy.

Bu hadysa bilen bagly gazap Ukrainadaky rus agressiýasy, ABŞ-da we beýleki Günbatar ýurtlarynda geçirilen saýlawlara rus gatyşygy sebäpli Orsýet bilen Günbataryň arasynda ozalam yzygiderli dowam edýän dartgynlylygy has-da alawlandyrdy.

15-nji martda Britaniýanyň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri hüjümi ýazgaryp, muny “Britaniýanyň bütewiligine edilen hüjüm” atlandyrdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp habarçylaryň öňünde eden çykyşynda, zäherli gazyň ulanylmagy “gürrüňsiz” Russiýanyň “işine meňzeýär” diýdi. Hadysada bir polisiýa ofiseri hem ýaralandy. Polisiýa gullugynyň maglumatyna görä, bu hadysa boýunça 21 adam saglyk gözegçiliginde saklanýar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stottenberg Selizböridäki “kabul ederliksiz” hüjümiň “Orsýetiň ýyllap dowam edýän biperwaý häsiýetine kybap” amala aşyrylandygyny aýtdy.

Moskwanyň harby kazyýeti 2006-njy ýylda rus harby razwedkasynyň hormatly dynç alyşdaky polkownigi Skripaly Britaniýanyň gizlin maglumat gulluklaryna, has takygy, MI6-a syr bermekde aýyplap höküm çykarypdy. Ol Birleşen Ştatlarda saklanan 10 orsýetli agent, şol sanda Anna Çapman bilen 2010-njy ýylda almaşylan dört rus tussagyndan biridi.

XS
SM
MD
LG