Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Nowruzda her döwlet edarasyndan nobatçylary talap etdi


Nowruz baýramy, Aşgabat (arhiw suraty)
Nowruz baýramy, Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistan Nowruz baýramyna we köpçülikleýin agaç oturtmaklyga döwlet derejesinde taýýarlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti 19-njy martda geçiren wideo-şekilli maslahatynda, Nowruz baýramyna taýýarlyga we agaç oturtmak aksiýasyna aýratyn üns berdi we ony ýokary derejede geçirmek baradaky ozalky tabşyrygyny ýene-de gaýtalady. Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, her bir döwlet edara-kärhanasynda nobatçylary bellemegi tabşyrdy.

Türkmenistanda 21-nji we 22-nji martda bellenýän Nowruz baýramy resmi dynç alyş günleri hasaplanýar. Muňa garamazdan, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň dynç günlerinde we döwlet baýramçylyklarynda işe we nobatçylyga çekilmeginiň tejribesi ýyllarboýy giňden ulanylyp gelýär.

Türkmen hökümetiniň şu ýylky planyna görä, 21-nji martda Aşgabadyň etegindäki Ahal ýaýlasy atly giňişlikde köpçülikleýin agaç oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçiriler we yzýany baýramçylyk konserti bolar. Ýurt resmileri baýramçylyk konserine aýratyn taýýarlyk görýärler. Şu sebäpli ýurduň ähli welaýatlaryndan paýtagta öňünden ýüzlerçe adamyň öz hasabyna getirilendigini Aatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdi.

Prezidentiň kararyna görä, şu ýyl ýurtda 3 million agaç nahallary ekiler, esasan arça agaçlary.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, nahallar edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem maliýe we iş güýjüniň hasabyna oturdylýar. Türkmenistanda her bir edaranyň her ýyl oturtmaly nahallarynyň ýeri we sany ýerli häkimlikler tarapyndan öňünden bölünip berilýär. Esasan ýurduň içindäki pitomniklerde ýetişdirilýän nahallary her bir edara öz hasabyna satyn alýar. Kärhanalarda munuň üçin ýörite maliýe fondy bolmansoň, çykdajylar işgärlerden ýygnalýan pula satyn alynýar. Nahallaryň bahasy 5 we 15 manat aralygynda.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, köplenç her edaranyň oturtmaly agaçlarynyň sany işgärlerden has köp bolýar.

“Meselem Balkan welaýatynyň Ülkäni öwreniş muzeýinde 42 adam işleýär. Şu ýyl agaç oturtmak üçin bu ýerde iki nobatçy bellendi. Üstesine, işgärleriň ýene ençemesi dynç güni işe çykmaly edildi. Bu kärhanadan 300 düýp nahal oturtmak talap edilýär. Emma işgärler agaç oturtmagyň teribiniň kesgitlenen badyna, fewral aýynda şol oturtmaly agaçlarynyň puluny ýygnap eýýäm häkimlige tabyrdylar” diýip, türkmenistanly çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, agaçlar oturdylandan soň kärhanalar olaryň soňky idegini, suwaryşyny öz güýji bilen berjaý etmeli bolýarlar ýa-da öz hasabyna hakyna bagban tutmaly bolýarlar.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllardan bäri ýylda millionlarça agaç ekilýär. 1999-2009-njy ýyllaryň aralygynda agaç oturtmak maksady bilen döwletiň garamagyndaky “Gök guşak” atly ýörite bileleşik iş alyp barýardy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginden soň “Gök guşak” dargadyldy, emma her ýyllarda millionlarça agaç ekmek tejribesi dowam etdirildi. Täze nahallar ählihalk çäresi hökmünde ýylda iki gezek bahar we güýz möwsüminde oturdylýar.

Emma ýerli synçylar ýylda oturdylýan agaçlaryň örän az böleginiň kök alýandygyny, aglaba köpüsiniň gurap galýandygyny belleýärler. Käbir bilermenler munuň sebäpleriniň birini nahallaryň biwagt oturdylmagynda görýärler.

“Güýzüň aýagynda oturdylan agaçlar has gowy kök alýar. Bahar aýlarynda tebigatyň oýanýan wagtynda agaçlaryň oturdylmagy ylmy esasa ters gelýär. Emma bu tejribe gynansak-da, 25 ýyl bäri dowam etdirilip gelýär” diýip Azatlyk Radiosynyň aşgabatly söhbetdeşi belledi.

Türkmenistanyň prezidenti şu ýylky agaç nahallaryny oturtmak kampaniýasy barada 19-njy martda eden çykyşynda “köpçülikleýin bag-bakjalyk aksiýasyna ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurlygyna” ünsi çekipdir. Bu barada döwlet mediasy habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda täze agaçlaryň ekilmegini ýokary derejede guramalaşdyrýarka, şäherlerde, esasan-da paýtagtda ýurduň tebigatyna çydamly öňden ösüp oturan agaçlaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin çapylyp ýok edilmegi dowam etdirilýär.

XS
SM
MD
LG