Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamlar eklenç gözleginde, zibilhanalary dörüp, gaty çörek toplaýarlar


Aşgabatda jaýlaryň aralarynda ýerleşdirilen zibilhanalary dörüp, ondan gaty çörek ýa-da plastik gaplary gözleýän adamlaryň köpelendigini, Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu tejribe soňky hepdelerde güýçlenip, zibilhanalary dörýän adamlara, esasan, Parahat 1 we 2 etrapçalarynda duş gelse bolýar.

“Bular, esasan, gije ýarymdan agandan soňra adatça üç-dört adam bolup çykýarlar. Olaryň ählisem ýaşlar bolup, olary 18-22 ýaş aralygyndaky adamlar, ýaşlar diýip kesgitlemek mümkin. Özem gyzlaram bar. Meselem, dört adam bolup zibilhanany dörmäge gelenleriň azyndan iki ýa-da üç sanysy ýaş gyzlar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öz ýanlary bilen öý şertlerinde ýasalan ýörite demir arabalary we sintetik matalardan tikilen haltalary alyp gelýän adamlar zibilhanadan mal-gara iýmit bolup biläýjek gaty çörek ýa-da gök-bakja önümleriniň galyndylaryny we plastik gaplary gözleýärler.

“Şondan ýygnan çörek önümlerimizi Aşgabat şäheriniň golaýyndaky obalarda öňünden gepleşen hojalyklarymyz bar. Bu önümleri şolara satýarys. Olaryň 1 kilogramynyň bahasy 7-15 manat aralygynda bolup, köpräk çörek tapsak, onda olary öz gelen etrabymyza hem ugradýarys. [Tanyş taksilerimiz] çörek we beýleki iýmit önümlerini obada mal saklaýanlara eltip berýärler” diýip, Bugaýew bu barada zibilhanalary dörýän, biri-birinden garaşsyz azyndan dört topar bilen söhbetdeş bolandygyny we olaryň ählisiniň hem şuňa meňzeş jogaby berendigini gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu maglumatlar Türkmenistanda un, kepek ýetmezçiligi we döwlet bahasyndan berilýän esasy azyk we mal iými önümlerini almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigi we käte basa-baslyklaryň hem bolýandygy barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Zibilhanalary dörýän we biri-birinden garaşsyz 10-dan gowrak adam Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, özleriniň ýurduň dürli welaýatlaryndan iş gözleginde paýtagta gelendiklerini, ýöne işe ýerleşip bilmändikleri sebäpli zibilhana dörüp, gazanç etmegiň aladasyny edýändiklerini gürrüň berdi.

“Iş sorap baran ýerlerimiz Aşgabada propiskaňyz ýok diýdiler. Galyberse-de, kireýine jaý alandygymyz baradaky şertnamany görkezip bilemizok. Başga-da birnäçe resminama talap edýärler” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, zibilhana dörýän ýaşlaryň biri gürrüň berdi.

Synçy Bugaýew zibilhana dörmek tejribesiniň soňky bäş ýylyň dowamynda has köp göze ilýändigini, ýöne soňky hepdelerdäkiden tapawutlylykda, mundan öňki ýyllarda zibilhanalardan, esasan, gurluşyk galyndylarynyň ýygnalandygyny aýdýar. “Muňa esasan işsizlik we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýaramazlaşmagy sebäp bolýar. Adamlar şony etmese, başga eklenç mümkinçiligi ýok” diýip, Bugaýew belledi.

Soňky ýyllarda ýurtda işsizligiň giňden ýaýrandygy, raýatlaryň, şol sanda ýokary hünärli ýaşlaryň işe ýerleşip bilmän kösenýändigi, işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýol alandygyny barada Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi gürrüň berýärler.

Galyberse-de, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan güýje giren Ilaty iş bilen üpjün etmek hakyndaky kanunda işsizlere işsizlik posobiýesini bermek göz öňünde tutulsa-da, türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen işsizlere berilmeli kömek pullaryny tölemekden ýüz öwrüp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň bu kynçylyklary we ýurtdaky işsizleriň sanawy baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmän gelýärler. Emma 2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e golaýdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG