Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şäheri ‘betgelşik edýär’ diýlip, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň atlary aýrylýar


Aşgabatda ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän hususy dükanlaryň biri. Illýustrasiýa suraty
Aşgabatda ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän hususy dükanlaryň biri. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda “şäheri betgelşik edýär” diýlip, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, dermanhanalaryň we egin-eşikleri himiki serişdeler bilen arassalaýan nokatlaryň atlary aýyrdylyp, deregine täzesini goýmak talap edilýär.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu çäre indi iki hepde gowrak wagt bäri Nurmuhammet Andalyp, Baba Annanow, Hojaahmet Ýasawy, Mäti Kösäýew köçeleriniň ugrunda dowam edýär we muňa paýtagtyň dürli etrap häkimlikleriniň hem-de polisiýa edaralarynyň işgärleri gatnaşýarlar.

“Andalyp köçesiniň ugrunda biri-birine goňşuçylykda iki sany hususy kärhana ýerleşýärdi. Olaryň biri ýarym ýerzeminde ýerleşýän ‘Päkize’ atly himiki serişdeler bilen egin-eşikleri arassalaýan nokatdy. Beýlekisem ‘Saglyk’ ady bilen il içinde tanalýan, köpgatly jaýyň birinji gatynda ýerleşýän dermanhanady. Şularyň ikisiniňem [adyny] aýrypdyrlar. Şeýle mysallar başga-da kän” diýip, Bugaýew paýtagtly işewürlere salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, dermanhanalaryň we egin-eşikleri himiki serişdeler bilen arassalaýan nokatlaryň eýeleri öňden bar bolan edara atlarynyň hem ýörite mahabat gulluklary tarapyndan professional görnüşde taýýarlanandygyny aýdyp, etrap we polisiýa işgärlerinden bu çäräniň sebäpleri barada soranda, jogapkär resmiler “siziň bu ýazanlaryňyz betgelşik” diýip jogap beripdirler.

“Siziň bu ýazanlaryňyz betgelşik, şäheriň görküne görk goşman, gaýtam zeper ýetirýär. Şonuň üçinem şony hökman aýyrmaly. Asjak bolsaňyz, onda Aşgabatda döwlet tarapyndan hasaba alnan ýörite reklama edaralary bar. Şolara baryp, munuň eskizini çyzyň. Soňra häkimlige gelip, şol eskizi, onda ýazyljak ýazgyny, suraty ylalaşyň. Haçan-da, şol etrap häkimligi tarapyndan tassyklansa, ony döwlet tarapyndan hasaba alnan reklama edaralarynda ýasadyp bilersiňiz diýip, aýdýarlar” diýip, Bugaýew resmi işgärleriň işewürlere aýdan maglumatyna salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan dükan, dermanhana ýa-da egin-eşikleri himiki serişdeler bilen arassalaýan nokatlaryň eýeleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, etrap häkimliginiň işgärleri tarapyndan, salgy berlen döwlete degişli mahabat edaralarynyň jogapkär resmileri häzirlikçe bu barada özlerine görkezmäniň gelip gowuşmandygyny aýdyp, täze görkezijileri ýasamakdan ýüz öwürýärler.

“Indi iki hepde bäri dükanymyzyň ady ýok. Döwlete degişli mahabat edaralary ‘bize görkezme gelende, sizi habarly ederis’ diýýärler. Müşderiler dükanymyzyň adynyň ýokdugyny görüp, başga ýere göçendir ýa-da ýapylandyr öýdüp, yzyna gidýärler. Bu bolsa, biziň söwdamyza täsir ýetirýär” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran hususy dükan eýelerinden biri gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda “şäheri betgelşik edýär” ýa-da şäheriň görküni gaçyrýar” diýlip, raýatlara garşy girizilen ilkinji çäre däl.

Soňky ýyllarda “şäheri abadanlaşdyrmak” we “şäheri betgelşik edýän zatlardan arassalamak” çäreleriniň çäginde, raýatlaryň çanak antennalary, egin-eşikleri serýän germew ýüpleri, sowadyjylary, penjirelerdäki saýawanlary, eýwanlara gurlan diwarlary sökülip aýryldy. Şeýe-de il içinde “pristroýka” diýlip atlandyrylýan goşmaça otaglar ýumruldy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda ne Aşgabat şäher häkimliginden, ne-de polisiýasyndan nähilidir bir maglumat almak başartdy.

XS
SM
MD
LG