Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ŞHG-nyň Hytaýda geçjek sammitine gatnaşar


Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat
Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat

Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda, türkmen lideriniň şu ýylyň iýun aýynda Sindao şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak meýlini gowy garşy alýandygyny aýtdy.

Читайте также на русском

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň websaýtynda çap edilen maglumata görä, Szinpin 21-nji martda iberen hatynda “özüniň türkmen prezidenti bilen dostlugyna uly sarpa goýýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýändigini” belleýär.

“Siziň bilen strategik hyzmatdaşlygyň hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardyryn” diýip, resmi media hytaý lideriniň sözlerini sitirleýär.

Ýatladyp geçsek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletleriň baştutanlarynyň soňky sammiti geçen ýylyň 8-9-njy iýuny aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilipdi.

Şonda käbir media serişdeleri türkmen prezidentiniň bu sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşjakdygyny habar beripdiler. Emma TDH Berdimuhamedowyň 9-njy iýunda Gazagystana sapara baryp, “Astana EKSPO —2017” atly ýöriteleşdirilen halkara serginiň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny mälim etse-de, onuň agzalýan sammite gatnaşandygy ýa-da gatnaşmandygy barada maglumat bermändi.

Belläp geçsek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 15-16-njy martda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitine özi gatnaşman, muňa derek, ol duşuşyga öz ogly – Serdary ýollapdy.

XS
SM
MD
LG