Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda saýlaw güni ýyladyş turbalary ýarylýar


Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlaryň birinde ýarylan turba bejerilýär. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlaryň birinde ýarylan turba bejerilýär. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Aşgabadyň Parahat-7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň 3-nji hem 4-nji girelgeleriniň ýaşaýjylary indi saýlaw gününden bäri ýyladyş ulgamynyň kesilmeginden kösenýärler.

25-nji martda irden 9 gatly 126 öýli ýaşaýyş jaýynyň 3-nji hem 4-nji girelgeleriniň ýerzeminlerinde ýyladyş sistemasynyň turbalary ýarylyp, ýerzeminlere gyzgyn suw akyp başlady.

Gyzgyn suwuň bugy jaýyň 1-nji gatyndaky otaglaryň içinde, ýakymsyz ys döredip başlansoň, ýaşaýjylar Parahat-7 etrapçasyna hyzmat edýän 7-nji ýaşaýyş jaý müdirligine jaň edip, ýagdaýy düzetmek barada ýüz tutdular. Emma ýaşaýyş jaý müdirliginden gelip, ýarylan turbalary bejeren adam bolmady.

Ýaşaýjylaryň özleri ýerzemine girip, ýyladyş ulgamyny ýapyp, ýerzemine gyzgyn suw akmaz ýaly etdiler. Şondan bäri bu turbalar bejerilmeýär diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

Ýaşaýjynyň sözüne görä, ýyladyş sistemalarynyň turbalary ýarylan güni Türkmenistanda parlament we ýerli häkimiýet organlarynyň deputatlaryna ses berilýän saýlaw ekeni. Şular ýaly halkyň ynam edip deputatlara ses bermeli gününde hem ilatyň kösenýän nogsanlyklaryna üns berilmändir. Şol sebäpli ýaşaýjylaryň aglabasy ses bermäge gatnaşmandyr.

“Ýyladyş sistemasynyň öçmegi bilen ol jaýlaryň otaglarynyň içinde çygly howa höküm sürýär. Entek ýyladyş möwsüminiň gutarmagyna iki hepdeden gowrak wagt bar halatynda, 7-nji ýaşaýyş jaý müdirliginiň resmileriniň geleňsizligi bilen, ýyladyş sistemasynyň ýarylan turbalary bejerilmeýär. Bu bolsa ýaş çagalara hem garrylara agyr kynçylyk döredýär” diýip, ýaşaýjy aýdýar. Bu jaýyň her girelgesinde 18 öýiň bardygyny, iki girelgede 36 hojalygyň ýyladyş sistemasyz galandygyny hem sözüne goşýar.

“Daşarda howa maýlany bilen beton jaýlaryň içi gijelerine has sowaýar. Gundagly çagalaryň arlygyny täzelemeli, ýaş bol, garry bol, suwa düşünmeli. Ýöne buz ýaly beton jaýlaryň içinde bu zerurlyklary ýerine ýetirip bolmaýar. Çygly sowuga çagalaram, garrylaram dümewläp, dessine kesellemek bilen bolýarlar. Soňra däri-derman aladasy orta çykýar. Ýöne bu zatlar barada pikir edýän resmi ýok” diýip, ýene bir ýaşaýjy zeýrenýär.

Ýaşaýjylaryň bu jaýa mejbury göçürilip getirileni bäri 5 ýyl gowurak wagt geçdi. Täze jaýlara goýlan köne, çüýrük turbalar her aýda ýarylyp, gyşy bilen ýaşaýjylara güzap berdi. Olary düýpli çalyşman, her gezek turbalaryň ýarylan ýerini ýamap gidýärler. Döwlet gözegçiliginden düşürilýän bu etrapçanyň ýaşaýjylary diňe bir ýyladyş sistemasynyň öçmeginden däl, tebigy gazyň häli-şindi kesilmeginden, agyz suwunyň içmäge ýaramsyzlygyndan, elektrik togunyň hem liftleriň kadaly işlemeýänliginden yzygider kösenýärler.

XS
SM
MD
LG