Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaliforniýada bir zenan özüni atyp öldürmezden öň, üç adamy ýaralady


YouTube saýtynyň Kaliforniýadaky baş edarasynda bir zenan özüni atyp öldürmezden öň, üç adama ot açdy we olary ýaralady diýip, Birleşen Ştatlaryň polisiýasy aýdýar.

Keselhana resmileriniň aýtmagyna görä, 3-nji aprelde giçlik San-Fransiskonyň golaýyndaky San-Bruno şäherinde bolan wakada ýaralanan bir adamyň saglyk ýagdaýy agyr bolup, beýleki iki zenanyň saglyk ýagdaýy hem gowy däl.

Polisiýa şübheliniň şahsyýetini 39 ýaşly Nasim Agdam (Nasim Aghdam) diýip mälim etdi. Şeýle-de, polisiýa bu wakanyň amala aşmagyna nämäniň sebäp bolandygyny derňeýär.

Käbir maglumatlarda şübheliniň aslynyň eýranlydygy aýdylýar.

Şübheliniň kakasy Ismail Agdam (Ismail Aghdam) ýerli media serişdesine beren maglumatynda öz gyzynyň YouTube saýtyny “ýigrenendigini”, sebäbi kompaniýanyň gyzynyň saýtda çap eden wideolary üçin tölemegi bes edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG