Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanlylar saglyk gününi belledi, prezident sowgat berlen tigriň badyny barlady


Berdimuhamedow özüne şu aýda sowgat berlen ikinji welosipediň "aýagyny görýär". 7-nji aprel, 2018. TDH-nyň fotosuraty.

Türkmenistanlylar Bütindünýä saglyk gününi tigir sürmek, ylgamak we beýleki sport hem-de baýramçylyk çäreleri bilen giňden bellediler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä özüne şu aýda sowgat berlen ikinji täze tigirde gatnaşdy.

Ýöne ol welosiped sürende, ýene bir gezek öz sargyt edýän tehniki howpsyzlyk düzgünine eýermedi, kellesine ýönekeý başgap geýip, ony bozdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy 7-nji aprelde ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda gurnalan köpçülikleýin tigir sürmek, beýleki sport çäreleri esasynda müňlerçe adamyň sagdyn durmuş ýörelgeleri ideýasynyň daşynda jemlenendigini habar berýär.

Aşgabadyň Çandybil we Köpetdag köçeleriniň çatrygyndan başlanan tigirli ýörişi açmak bilen, prezident Berdimuhamedow “Biziň baş maksadymyz halkyň saglygyny goramakdan we berkitmekden, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdan ybarat” diýdi.

15 kilometrlik welomarafona ýokary we hünär mekdepleriniň studentleriniň, paýtagtyň zähmet kollektiwleriniň wekilleriniň gatnaşandygy habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow, adatça bolşy ýaly, telewideniýede bu çäräniň ‘baş gahrymany’ boldy we ýogyn tekerli täze tigirde, egindeşlerini yzyna düşürip, welomarafonyň öňüni çekdi.

Türkmen telewideniýesi bu tigriň prezidente egindeşleri tarapyndan sowgat berlendigini habar berdi, emma onuň bahasyny aýtmady. Çandybil prospektinden geçip, Bitarap Türkmenistan prospektinden paýtagtyň merkezine çenli sürlen täze täze tigir, döwlet baştutanynyň tabşyrmagyna görä, muzeýde goýlar.

Mundan öň, 2017-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabatda söweş sungaty boýunça we ýapyk binalarda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň hem prezidente sowgat berlen altyn tigir muzeýde goýlupdy.

Ýöne indi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredileninden soň, Berdimuhamedowa sowgat berlen soňky tigir onuň ozalky alan sowgatlarynyň durýan ýerine gitmez.

Metbugatda ýaňzydylmagyna görä, ol türkmen sportynyň halkara arenasynda gazanan üstünliklerini görkezýän muzeýiň eksponaty bolar. Şol bir wagtda, bu günki tigir sürüşlik bilen türkmen sportynyň halkara arenasynda gazanan üstünliklerini arasynda nähili baglanyşygyň bardygy aýdylmaýar.

Mundaň öň Berdimuhamedow, 3-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçireninden soň, harbylaryň we hukuk goraýjylaryň adyndan sowgat berlen täze tigirde Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi. Emma ol tigriň muzeýe berlip-berilmändigi belli bolmady.

Onuň atlarynyň we maşynlarynyň sany näçä ýetdi, bu belli däl, emma ýönekeý adamlaryň arasynda atdan, maşyndan geçen, gündelik iýjek çöregini gazanyp bilmeýän maşgalalar köpelýär.
Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly.

Ýöne türkmen prezidentine, dürli bahanalar esasynda, diňe gymmatbaha welosipedler, halylar sowgat berilmeýär, eýsem saýlama ahal-teke atlary, gymmat bahaly sport maşynlary hem sowgat berilýär.

Onuň atlarynyň we maşynlarynyň sany näçä ýetdi, bu belli däl, emma ýönekeý adamlaryň arasynda atdan, maşyndan geçen, gündelik iýjek çöregini gazanyp bilmeýän maşgalalar köpelýär” diýip, Aşgabatda guralan weloýörişe gatnaşyjylar paýtagta girende, köçäniň gyrasynda “janly diwar’ bolan raýatlaryň biri Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy. Adyny aýtmazlygy soran raýatyň pikirine görä, döwletiň iň uly wezipeli adamsyna berilýän gymmatbaha sowgatlar gününi zordan aýlaýan adamlara “kömek etmeýär”.

Gepiň gerdişine ýadylsa, 26-njy fewralda Türkmenabatda “Beýik Ýüpek ýoly” sport ýaryşlaryna badalga berlende, fransuz sportsmeni Žan-Lui Şlesser G.Berdimuhamedowa bahasy aýdylmadyk sport maşynyny sowgat berdi ( prezident mundan öň hem fransuz telekeçilerinden maşyn sowgat alypdy). Içeri işler ministri Isgender Mulikow bolsa oňa, ýurduň sport merkeziniň adyndan, maşyn sürüjiniň lybaslaryny sowgat berdi.

Soňra prezidente sowgat berlen we onuň ogly Serdar bilen synagdan geçiren sport maşynynyň Aşgabatda guralan serginiň merkezi meýdançasynda, “Amul-Hazar 2018” rallisine bagyşlanan ekspozisiýada ýerleşdirilendigi habar berildi.

Türkmenistanda prezidente gymmat bahaly sowgatlary, haly, köşekli düýe... bermek ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy. S.Nyýazow hem öz gezeginde raýatlaryň belli bir bölegine, şol sanda özüni goşgy, aýdym-saz bilen garşylaýan çagalara çäkli möçberde pul sylaglaryny "eçilerdi".

Prezident Berdimuhamedow hem raýatlara dürli seneler bilen baglylykda öz adyndan "sowgat" berýär. Aýdaly, ol 2017-nji ýylyň prezident saýlawlary kampaniýasy mahalynda çopanlar bilen duşuşyp, olara gymmatbaha sowgatlary gowşurdy. Şeýle-de ol golaýda, 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli, ýurduň işleýän we okaýan aýal-gyzlaryna 40 manat möçberinde pul sowgadyny berdi diýip, metbugatda habar berildi.

Mundan başga, türkmen telewideniýesinde şäherlerde ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň, oba hojalyk meýdanlarynda işleýän tehnikalaryň hem “prezident tarapyndan sowgat berlendigini” aňladýan ýazgyly sýužetleri ýygy-ýygydan görse bolýar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG