Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara 40 manat pul sowgady berilýär


Awtobus duralgalarynyň birinde oturan zenanlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda 8-nji mart, ýagny Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan aýal-gyzlara pul sowgady gowşurylýar.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, Berdimuhamedow bu baradaky buýruga gol çekdi we 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda aýal-gyzlara 40 manat möçberindäki pul sowgatlaryny “dabaraly ýagdaýda” gowşurmak bellenildi.

Belläp geçsek, 40 manat Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen resmi kursa laýyklykda, ortaça 11 amerikan dollaryna we “gara bazaryň” nyrhynda ortaça 3,5 dollara barabardyr.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu pul sowgady eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara berler.

Wideo: 2016-njy ýylda türkmen resmileri bilen birlikde, ýurduň aýal-gyzlary prezidentiň 40 manat sowgadyny maňlaýyna syldylar.

Türkmen resmileri maňlaýlaryna nämäni sylýarlar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Şeýle-de, bu sowgat Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara gowşurylar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda döwlet baştutanynyň adyndan aýal-gyzlara pul sowgadyny paýlamak däbi ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanypdy. Şonda öňki prezident Nyýazowyň permany bilen 2002-nji ýyldan başlap, 21-22-nji martda bellenen zenanlar güni sebäpli aýal-gyzlara 200 manat, ýagny şol döwürdäki kursa laýyklykda ortaça 40 amerikan dollary möçberde pul paýlanýardy.

2008-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda halkara aýal-gyzlar gününiň 8-nji martda bellenmegini dikeldensoň, bu pul sowgady mart aýynyň başyna berlip başlandy.

Soňky iki ýylyň dowamynda, has takygy 2016-2017-nji ýyllaryň martynda bolsa, türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň 40 manady maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilip başlandy. Türkmem mediasynda bu pul serişdesiniň prezidentiň adyndan sowgat berilýändigi aýdylsa-da, onuň gelip çykýan çeşmesi barada anyk bir zat aýdylmaýar.

Galyberse-de, bu pul sowgady ýurduň ähli aýal-gyzlaryna, ýagny işlemeýän ýa-da öý hojalykçy zenanlara berilmeýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi munuň pul sowgadyny alyp bilmeýän aýal-gyzlar üçin adalatsyzlykdygyny aýdyp, bu ýagdaýa nägilelik bildirýärler.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan 35 ýaşyndaky kärendeçi zenan Aýnagözel özi ýaly kärendeçilik ýa-da öýünde tikin-çatyn işleri bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň her ýyl 8-nji martyň öňýanynda, ýagny pul sowgadyny alýan zenanlary görenlerinde kemsinýändigini, Azatlyga gürrüň beripdi.

“Biz kolhozyň başlyklaryna ‘bizede şol sowgady berýäňizmi?’ diýip, aýdyp gördük. Olara ‘bizem otagam otaýarys, pagta ýygýarys’ diýip, gelin-gyzlar köp iş edýär, kalhoza köp kömegi degýär diýdik. Olar bize ‘hökümet tarapyndan berilse bereris. Bolmasa biz bilemizok’ diýip, jogap berdiler. Aýal maşgalanyň sähelçe göwni bar. Biz şoňa zaram däl-de, ýöne [hemme bilen deň] bizede berseler, bizem begenjek” diýip, maryly kärendeçi Aýnagözel aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG