Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa edilen raketaly hüjümde Ysraýyl aýyplanýar


Siriýanyň howa güýçleriniň T-4 howa bazasy, Siriýa

Siriýa we onuň ýarany Orsýet geçen gije Siriýanyň harby bazasyna edilen raketaly hüjümde Ysraýyly aýypladylar. Bu hüjüm gozgalaňçylaryň elindäki Douma şäherinde edilendigi aýdylýan himiki hüjümiň daşyndaky halkara dawalarynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Mundan ozal Siriýadaky nyşanlara zarba uran Ysraýyl öz adyna edilen aýyplamalary dessine kommentirlemedi.

Siriýanyň döwlet media serişdeleri 9-njy aprelde irden Homs şäherinde T4 diýlip atlandyrylýan Tayfur bazasyna edilen hüjümde birnäçe adamyň heläk bolandygyny we ýaralanandygyny habar berdiler.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly gurama hüjümde azyndan 14 sany hökümet söweşijisiniň, şol sanda eýranly ýaran söweşijileriň wepat bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG