Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow nobatdaky ösüş sanlaryna baş atyp, birbada üç orunbasaryny täzeledi


President Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji aprelde nobatdaky kadr çalyşmalarynyň we käýinç bermeleriniň çäginde birbada üç wise-premýerini täzeledi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, prezident eçen ýylyň aprelinde hem iki egindeşini, nebit-gaz senagatyna we oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasarlaryny işden boşatdy.

Читайте также на русском

Nebit-gaz pudagyna bir ýyl çemesi gözegçilik eden wise-premýer Maksat Babaýew, ulaglar we aragatnaşyk boýunça wise-premýer Baýram Annameredow “TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly başga işe geçýändigi sebäpli” eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Söwda pudagyna gözegçilik eden wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow hem başga işe geçendigi, ýagny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklygyna saýlanmagy sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Nebit-gaz boýunça wise-premýeriň wezipesine Ministrler kabinetiniň bölüm müdiri bolup işlän Myratgeldi Meredow bellendi. Onuň ozal nebit-gaz pudagy boýunça tejribesiniň bolup-bolmandygy aýdylmaýar.

Ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýeriň wezipesine Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň direktory bolup işlän Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Söwda pudagyna bolsa, ozal Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy bolan Çary Gylyjow gözegçilik eder.

Türkmen prezidentiniň nobatdaky kadr çalyşmalary onuň 6-njy aprelde dört orunbasaryna yglan eden berk käýinçleriniň we soňky duýduryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow şonda wise-premýerler Baýram Annameredowdan hem-de Maksat Babaýewden "wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmändigi we işde goýberen kemçilikleri" üçin nägile bolupdy. Şeýle-de habarda wise-premýerlere ýol beren kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmek tabşyryldy. Emma olaryň bu gysga wagt içinde diýilýän kemçilikleri düzedip ýetişendigi ýa düzetmändigi aýdylmaýar.

Hökümet mejlisiniň dowamynda awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewiň, “saglyk ýagdaýy sebäpli” diýlip, wezipesinden boşadylandygy habar berildi.

Bellemeli ýeri, nobatdaky kadr çalyşmalary, berk käýinçleriň we soňky duýduryşlaryň yz ýanyna gabat gelendigine garamazdan, ozalky wise-premýerleriň başga, şol bir wagtda tejribeli, başarjaň ýolbaşçylaryň zerur bolan ýerine geçirilmegi bilen düşündirildi.

Prezidentiň sözlerine görä,“Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan ugry boýunça halkara gaz geçirijini, elektrik we aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça uly işlere başlandy we “Galkynyş” gaz käninden Owganystana çenli demir ýol gurmaly”. Resmi maglumata görä, M.Babaýew, B.Annameredow indiden eýläk şu işler bilen meşgullanar.

Emma ýerli synçylar käbiriniň pikirine görä, prezidentiň “tejribeli, başarjaň” ýolbaşçylar hökmünde häsiýetlendiren ozalky orunbasarlarynyň, hususan-da M.Babaýewiň, B.Annameredowyň başga işe geçirilip, şol wagtyň özünde-de saglyk ýagdaýy zerarly işden boşadylan M.Aýdogdyýew bilen deň derejede mejlisden çykarylmagy, ýagny olara prezident tarapyndan “gidiberiň” diýilmegi gowy alamat bolup görünmýär.

Mundanam başga, nobatdaky kadr çalşygy şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine seredilip, ähli ugur boýunça ösüş gazanylýandygynyň ýene bir gezek tassyklanan wagtyna gabat geldi.

Emma muňa garamazdan, ýokary derejeli hökümet resmileriniň hasabatlarynda getirilýän ösüş sanlary, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem prezident tarapyndan gytaklaýyn ýalana çykaryldy.

Mysal üçin, Berdimuhamedow bu ýyl ýurtda çykarylýan nebitiň möçberiniň geçen ýyldakydan azalmagynyň sebäbiniň düşnüksiz bolup galýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol nebit-gaz toplumynda gyssagly çözülmegini talap edýän örän köp meseläniň toplanandygyny boýun aldy.

Türkmenistanda ýokary derejeli kadrlar prezident tarapyndan bellenilýär we olary yzygiderli çalyşmak ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG