Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň tölegleri saklaýandygy sebäpli, Orsýetdäki onlarça türkmen talybyna okuwdan çykarylmak howpy abanýar


Talyp. Illýustrasiýa suraty
Talyp. Illýustrasiýa suraty

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan onlarça türkmen talybynyň Türkmenistanyň banklaryndan alan bank kartlarynda bar bolan pullaryny çekip bilmeýändiklerini, munuň netijesinde dürli kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny, hatda özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, Orsýetde bilim alýan bir türkmen talyby atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk bilen telefon arkaly habarlaşdy.

Читайте также на русском

Ol özüniň türkmen banklaryndan alan MasterCard kartynda bar bolan pullaryny bankdan alyp bilmäni kösenýändigini, özi ýaly onlarça talyba maliýe meseleleri sebäpli okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýtdy.

“Ýarym ýyllygyň aýagyna çenli okuw töleglerimiz geçmese [dekanlyk] bizi okuwdan çykarjakdygyny aýtdy. Orsýetde geçirilýän Futbol boýunça Dünýä çempionaty sebäpli biziň okuw jaýymyzda sessiýalar öňe geçirildi. Şoňa çenli okuw tölegini ýetişdirmek üçin käbir türkmen talyplary gije-gündiz işleýär” diýip, ýokary okuw jaýynyň 1-nji kursunda okaýan türkmenistanly talyp aýtdy.

Şeýle-de ol dekanyň otagynyň öňünde şol bir mesele bilen bagly garaşyp duran türkmen talyp nobatlaryny görende gynanyp, utanýandygyny gürrüň berdi.

“Ýüzümiz gyzarýar, näme etjegimiz bilemizok!” diýip, türkmen talyby gürrüň berdi.

Özleriniň agzalýan meseleler boýunça Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyndan haraý gözläp-gözlemändikleri baradaky soraga gürrüňdeşimiz olaryň kömek etmeýändigini aýdyp jogap berdi.

San taýdan okaýan ýokary okuw jaýyndaky studentleriň ýarysyndan gowragynyň türkmenlerdigini aýdyp gürrüňe dowam eden söhbetdeşimiz, “eger okuwdan çykarjak bolsalar ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň tutuş ýarysyny okuwdan kowmaly bolarlar” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Öz sesleriniň türkmen häkimiýetlerine eşitdirilmegini soran türkmenistanly ýaş talyp, bank kartlarynda döreýän bökdençlikler sebäpli agyr günlere duçar bolandyklaryny gaýtalap aýtdy.

Mundan ozal, has takygy 2-nji aprelde Belarusda bilim alýan türkmen talyplary ene-atalarynyň Türkmenistandaky banklar arkaly baryp fewral aýynda tölän okuw tölegleriniň Belarusdaky okuw jaýlaryna geçirilmäni saklanýandygyny, şol sebäpden özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp Azatlyk bilen habarlaşypdy.

Ondan has ozal, ýagny 19-njy fewralda Ukrainada okaýan türkmen talyplary birmeňzeş kynçylyklary başdan geçirýändiklerini aýdyp Azatlyga maglumat beripdi.

Türkmen resmileri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada çykyş etmeýärler.

Sözümiziň başyndaky Orsýetde bilim alýan onlarça talybyň meseleleri boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyndan maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Ýarym ýyllygyň aýaklaýan wagty gyssaga düşen Orsýetdäki onlarça türkmen talyby ýokary okuw jaýlarynyň töleglerini geçirmek üçin türkmen banklarynyň daşary ýurt okuw töleg geçirimleri bilen bagly talyplaryň öňe sürýän “nogsanlyklarynyň” giderilmegine garaşýar.

XS
SM
MD
LG