Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýa garşy täze zarbalary urmaga taýýar durandygyny duýdurýar


Bu raketa zarbalary 7 ýylda Günbatar tarapyndan prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy gurnalan iň düýpli hüjüm boldy.
Bu raketa zarbalary 7 ýylda Günbatar tarapyndan prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy gurnalan iň düýpli hüjüm boldy.

Birleşen Ştatlar Siriýanyň hökümetine, eger Damask himiki hüjümlerini dowam etdirse, özüniň ýene howa zarbalaryny urmak üçin taýýar durandygyny duýdurdy.

Bu duýduryş ABŞ öz ýaranlary Fransiýa we Britaniýa bilen 14-nji aprelde, Siriýanyň güman edilýän himiki hüjümine jogap edip, Siriýa garşy howa zarbalaryny uranyndan soň berildi.

Geçen hepde Damaskyň golaýyndaky Duma şäherine edilendigi güman edilýän himiki hüjümde onlarça adam heläk boldy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 14-nji aprelde Orsýetiň, Siriýanyň esasy ýaranynyň bu howa zarbalaryny özbaşdak döwlete garşy esaslandyrylmadyk “agressiýa” hökmünde ýazgartmak ugrunda eden tagallasyny ret etdi.

Bu raketa zarbalary Siriýanyň gyrgynçylykly raýat urşunyň ýedi ýylynda günbatar güýçleri tarapyndan prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy gurnalan iň düýpli hüjüm boldy.

XS
SM
MD
LG