Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermeni parlamenti Sarkisýany premýer-ministr hökmünde saýlady


Ýerewandaky polisiýa.

Ermeni kanunçykaryjylary Serž Sarkisýany, ýurtdaky köpçülikleýin protestlere garamazdan, ýurduň täze ministri wezipesine tassykladylar.

17-nji aprelde geçirilen ses berilişikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen bu wezipä saýlandy.

Oppozisiýa liderleri Sarkisýany ýurduň syýasy dolandyryş gurluşyny parlament sistemasyna geçirip, özüniň häkimiýetdäki güýjüni saklap galmak synanyşyklarynda aýyplaýarlar.

Bu aralykda, ermeni protest liderleri ýurtda "Mahmal rewolýusiýasyna" çagyryş etdiler. Şeýle-de Serž Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almak ugrunda protest geçiren 80-ä golaý demonstrant tussag etdi.

Ermenistanda köpçülikleýin protestleriň bäş gün bäri dowam edýär.

Paýtagt Ýerewanyň merkezinde ýüzlerçe demonstrant köçeleri petiklediler. Mundan bir gün öň, protestçiler bilen polisiýanyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda onlarça adam ýaralanypdy.

Merkezi meýdançalaryň birinde ýerli polisiýa ýolbaşçysy protest liderleriniň biri – Nikol Paşiniana demonstrantlaryň ýurduň kanunçylygyny bozandygy we polisiýanyň protestçileri saklamak kararyna gelendigi baradaky duýduryşy berende, Paşiniana ony okaman, ýyrtdy. Ol “köpçülikleýin boýun egmezlik” kampaniýasynyň başlandygyny hem yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG