Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol-gözegçilik polisiýasy ýagyşdan soň 'hapa maşynlary' awlamaga çykýar


Aşgabat, ýol gözegçileri.
Aşgabat, ýol gözegçileri.

“Şu günler Aşgabadyň köçelerinde hapa awtomobilleri awlamak, ýagyşdan soň maşynlaryny ýuwup ýetişmedik sürüjilerden pul ýonmak güýçlendi” diýip Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky çeşmesi habar berýär.

“Düýn şäherde, hususan-da Oguzhan, Türkmenbaşy şaýollarynda, Baba Annanow köçesi bilen swetofor aralygynda ýol gözegeçilik işgäri köp boldy, aýlawly geçelgeleriň her tarapynda azyndan dört sany polisiýa işgäri durdy” diýip, çeşme aýtdy.

Mundan öň çeşmeler Aşgabadyň köçelerinde ýol gözegçileriniň azalandygyny, sebäbi ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda Içeri işler ministrligine degişliiş orunlarynyň düýpli gysgaldylýandygyny habar beripdiler.

Ýol gözegçileriniň köçede gaýtadan köpelmegi, ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, möwsümleýin hadysa, ýagny bahar paslynyň gelmegi we ýagyş-ýagmyryň ýagmagy, köçedäki läbikli suwlaryň maşynlary hapa-kirşene bulamagy bilen bagly.

“Ozallar ýaz gelip, ýagyş-ýagmyr ýagsa, adamlar begenerdi, sebäbi Türkmenistan gurak we yssy ýurt, ýagyş ýagsa, tot-tozan ýatýar, howa tämizlenýär” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen 45 ýaşyndaky sürüji aýtdy. “Emma indi maşynyňy ýuwman köçä çykmak gadagan. Düzgüni bozsaň, ýol gözegçileri saklap, çagalaryň çörek puluna dawa salýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu aýdylýanlary 50 ýaşlaryndaky başga bir sürüji hem tassyklady. “Şu günler howa ýygy-ýygydan üýtgäp durýar, ýagyş ýagýar. Emma ýagyşdan soň güneşli howa bolsa, ýol gözegçilerisürlenip köçä çykýarlar. Sebäbi ýagyşdan soň ýollar hapa, läbik bolýar, gün-güzeran, iş aladasynyň arasynda hemme adam maşynyny ýuwup ýetişmeýär. Polisiýa bolsa bu pursatdan gazanç etmek üçin peýdalanýar” diýip, aşgabatly sürüji Azatlyk radiosyna aýtdy.

Aýdylmagyna görä, hapa ýa-da ýagyş-ýagmyrdan ýetdik paýyny alan hem-de ýola çykmazdan öň ýuwulmadyk maşynly saklanan sürüjiler ýol gözegçilerine 50-100 manat aralygynda pul hödürlemeli bolýar.

Bu ýagdaý sürüjileri ýagyşdan soň bar işini goýup, ilki bilen maşyn ýuwdurmaga ýa ýuwmaga mejbur edýär.“Sebäbi adamlar ýagyşdan soňköçä üýşüp çykýan polisiýanyň eline düşmejek bolýarlar. Jaýlaryň arasy eli bedreli ýa şlangaly, ber-başagaý bolup maşyn ýuwýan adamlardan dolýar” diýip, aşgabatly sürüji aýtdy.

Hapa maşynly köçä çykmak gadaganlygy diňe polisiýa işgärleriniň däl, işsiz adamlaryň hem, az-da bolsa, maşyn ýuwup, gazanç etmek mümkinçiligini köpeldýär.

Şol bir wagtda ýurtda awtohyzmat kärhanalarynyň ýeterlik däldigi, geçen ýylyň aprelinden bäri görlen çäreler esasynda bikanun işleýän ýa-da degişli salgyt töleglerini tölemeýän awtoýuwalgalaryňişiniň belli bir derejede çäklendirilendigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, awtoulagy saklan polisiýa işgäri, maşyn hapa bolsa, ýagyn ýagyp duran hem bolsa jerime salýar.

Türkmenistanda ýuwulmadyk awtoulaglysürüjilere birinji gezekde 100 manat,ikinji we ondan soňky gezeklerde 300 manat jerime salynýar.Soňkyalty aýda awtoulagy hapa bolandygy üçinüç gezek jerime salnan sürüjileriň bir ýyla çenli sürüjilik hukugyndan mahrum edilýän halatlary hem bolýar diýip, A.Bugaýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda soňky ýigrimi ýylda awtomobiller bilen bagly girizilen gadaganlyklaryň soňkusygara we goýy reňkli awtomobilleriň eýelerine gymmat düşdi.

XS
SM
MD
LG