Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hökümetçi websaýt Gökderede bolan ýol heläkçiligini ret edip, 'raýatlar ýurda erkin girip-çykýar' diýýär


Gökdere ýolunyň gyrasyndaky maşyn parky

Azatlyk 17-nji aprelde Arçabil etrabynyň polisiýa bölümine jaň edeninde, olar bolan hadysany gytaklaýyn tassyklady. Ýöne, ynha, türkmen hökümetine ýakyn “Arzuw News” atly bir websaýt heläkçilik baradaky maglumatlary häkimiýetlere salgylanyp ret edýär.

Gürrüň Köptedagyň etegindäki Çüli jülgesinde awariýa bolup, adam pidalaryna getirendigi aýdylýan awtobus heläkçiligi barada barýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Çüli jülgesiniň golaýynda şenbe güni, 14-nji aprelde ikindinara 5:00 töweregi bir awtobusyň ýol heläkçiligine uçrap, 17 ýolagçynyň wepat bolandygyny habar beripdi. Pajygaly heläkçilikde ýaralanan adamlaryň sany ýa-da ejir çekenleriň haýsy keselhanada bejergi alýandygy barada jikme-jik maglumatlar nämälimliginde galýar.

Duşenbe güni, 17-nji aprelde Azatlyk Aşgabadyň başga-da ençeme polisiýa bölümlerine bolan waka barada giňişleýin maglumat almak üçin jaň etdi.

Ýöne ýokarda agzalan hökümete tarapdar websaýt öz redaksiýasynyň hadysa boýunça maglumat almak üçin paýtagtyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerine ýüz tutandygyny, olaryň bu habary ret edendigini we Ýol gözegeçilik gullugynda “daşary ýurt habar saýtlarynda ýaýradylan Gökderei köçe-ýol hadysasynyň hasaba alynmandygyny” aýdandygyny habar berdi.

Beýleki bir tarapdan, Azatlyk maglumat almak üçin jaň edip habarlaşanda, kanun goraýjy häkimiýetleriň hadysany göni tassyk ýa-da inkär etmän, hökümete ýakyn websaýt habarlaşanda inkär etmegi hem aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew polisiýanyň bu ýol hadysasy boýunça jenaýat işini gozgamandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy we düýn Gökderä barýan ýoluň açykdygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleriniň awariýanyň esasy sebäplerini awtobusyň çakdan aşa ýüklenen bolmagynda we howa şertleriniň ýaramazlygynda görýändigini ýol hadysasynyň ertesi, 15-nji aprelde habar beripdi. Onuň bellemegine görä, gara ýoluň typançaklygy sebäpli, içi ýolagçydan hyryn-dykyn awtobusyň sürüjisi ulaga erk edip bilmän, ýoluny ýitiripdir. Netijede, awtobus agdarylyp, ýoluň gyrasyndaky çukura gaçypdyr.

Hökümete ýakyn “Arzuw News” diňe bir awtobus heläkçiligi baradaky habary ret etmek bilen çäklenmeýär, ol 17-nji aprelde çap eden beýleki bir maglumatynda Türkmenistanda raýatlaryň doly hereket mümkinçiliklerine eýedigini, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Geň ýeri, Azatlyk soňky wagtlarda Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilýändigini ýerli ýaşaýjylaryň duçar bolýan kynçylyklalaryna, ýurtdan goýberilmän aeroportdan yzyna gaýtarylýan raýatlara salgylanyp, yzygiderli habar berýär.

Üstesine, 3-nji aprelde Aşgabadyň howa menzilinde düşürilendigi aýdylýan bir wideoda aeroportda Migrasiýa gullugy tarapyndan ýurtdan çykarylman, ýollary petiklenen onlarça türkmenistanlynyň nägilelik çäreleri görkezilýär. Agzalýan wideo 5-nji aprelde Azatlygyň websaýtynda çap edildi.

Gökderede bolan köçe-ýol heläkçiligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar we media serişdelerinde agzalmady. Türkmenistanyň syýasy giňişligini ýakyndan yzarlaýan synçylaryň aýtmagyna görä, “bagtyýarlyk salgymyna gabat gelmeýändigi sebäpli”, döwlet mediasynda heläkçilik hadysalary, ölüm-ýitim barada düýbünden maglumat berilmeýär.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG