Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy


13-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 18:00-da Demirgazyk Horasan welaýatynda 5.7 magnitudaly ýer yranmasynyň bolan ýeri, Bojnurd şäheri, 13-nji maý, 2017.

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde şenbe güni bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy.

“Aşgabady sarsdyrdy, ýer yranmalary şenbe güni agşam sagat 23:02 töwereginde başlandy. Adamlar köçä çykdy. Howlularda şeýle köp adamy köpden bäri görmändim” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi habar berdi.

13-nji maýda, ýerli wagt bilen sagat 18:00-da, Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde bolan 5.7 magnitudaly ýer yranmasy zerarly iki adamyň wepat bolandygy, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy we uly weýrançylygyň dörändigi habar berildi.

Eýranyň ISNA habar gullugynyň maglumatynda wepat bolanlaryň biriniň 54 ýaşyndaky aýal, beýlekisi ýetginjek gyz bolandygy aýdyldy. Şeýle-de 370-den gowrak adam ýaralandy, etrapdaky jaýlaryň 40 prosenti ýykyldy diýip, habarda aýdylýar.

Sarsgynyň ojagy Türkmenistanyň serhedinden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Eýranda, seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşensoň, ýer sarsgynlary köp bolýar.

2003-nji ýylda 6.6 magnitudly ýertitreme 26,000 çemesi adamy öldürdi we taryhy Bam şäherini ýer-ýegsan etdi.

Türkmenistanyň Eýran bilen araçäginde 13-nji maýda bolan bu ýer titreme we onuň Türkmenistana ýetiren täsirleri barada, Türkmenistanyň özünde döreýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda adatça bolşy ýaly döwlet gözegçiligindäki türkmen media serişdelerinde hiç hili habar berilmedi.

1999-njy ýylyň aýagynda günbatar Türkmenistanyň Gazanjyk etrabynda bolan ýer yranmasynda ýaşaýyş jaýlarynyň 80 prosentden gowragyna erbet zyýan ýetipdi. Türkmenistanyň resmi mediasy bu barada maglumat bermändi, ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow rus telewideniýesiniň bu hadysa barada beren maglumatyny ret edipdi.

XS
SM
MD
LG