Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda migrantlaryň çagalarynyň hak-hukuklarynyň çäklendirilmegine garaşylýar


Çagaly ene. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Çagaly ene. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, eklenç gözlegine daşary ýurtlara giden türkmen migrantlaryny yzyna getirmek üçin, häkimiýetleriň maý aýynda nobatdaky çäreleri durmuşa geçirmäge taýýarlanýandygy habar berilýär.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosyna maglumat beren Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligindäki çeşmäniň aýtmagyna görä, maý aýynda güýje girizilmegi göz öňünde tutulýan täze düzgün türkmen migrantlarynyň ýurduň içindäki we daşyndaky çagalarynyň käbir hak-hukuklaryny çäklendirer.

"Geçirilýän ýygnaklarda aýdylşyna görä, migrantlary yzyna getirmek üçin çagalarynyň üsti bilen basyş etmek islenýär. Resmiler aýtmyşlaýyn, Türkmenistandan raýatlaryň köpçülikleýin zähmet migrantlyga ýykgyn edip, şol bir wagtyň özünde ençe ýyllap yzyna dolanman daşary ýurtlarda galmagy dowam etdirmegi, daşary ýurtly raýatlar bilen edilýän nikalaryň çakdanaşa köpelmegi, olara garşy käbir çäreleriň görülmegini mejbury ýagdaýa getirýär. Daşary ýurtlardaky migrantlary yzyna getirmek üçin, ähli döwlet edaradyr guramalaryna ýokardan berlen ýörite buýruk esasynda biziň ministrligimiz hem maý aýynda käbir düzgünleri girizmäge taýýarlyk görýär. Taýýarlanýan täze düzgüne görä, yzyna dolanman işläp ýören zähmet migrantlarynyň daşary ýurtlarda doglan çagalaryna 18 ýaşaýança Türkmenistanyň raýatlygy berilmez. Daşary ýurtlarda çagalaryna raýatlyk almak isleýän zähmet migrantlary hem hökman Türkmenistana gelmeli bolarlar. Galyberse-de, daşary ýurtla durmuşa çykan türkmen zenanlarynyň çagalary öz ejesiniň adynda hasaba alnan bolmaly" diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligindäki çeşmesi gürrüň berýär.

"Türkmenistanda ene-atalary zähmet migrantlygy bolan çagalaryň sany hem çendenaşa köp. Olaryň ene-atalary ençe ýyldan bäri Türkmenistana dolanman, daşary ýurtlarda işläp ýörler. Käbir migrant zenanlar bolsa Türkmenistanda resmi nikada durýandygyna we çagalarynyň bardygyna garamazdan, daşary ýurtly raýatlar bilen ýaşaşyp ýörler. Bu ugurda hem ministrlik käbir çäklendirmeleri durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. Ene-atasy daşary ýurtlardan gelmeýän çagalara döwlet tarapyndan berilýän mugt hyzmatlar ýatyrylar. Meselem, ene-atasy daşary ýurtlarda işläp ýörenleriň çagalarynyň saglygyna seretmek tölegli bolar. Mundan daşaryn, daşary ýurtlardaky zähmet migrantlarynyň Türkmenistandaky çagalaryna çagalar bagynyň bahasy adatdakydan 2-3 esse ýokary bolar. Galyberse-de, olar çagalaryny tölegli ýörite gimnaziýalarda okatmaly bolarlar. Şeýle-de, Türkmenistanda çagalara 3 ýaşyna çenli berilýän 152 manat möçberindäki posobiýe, ýagny pul kömegi ene-atasy daşary ýurtlarda işläp ýörenlere berilmez. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda migrant ene-atasynyň ýanynda bolýan çagalaryna hem pul kömegi ýatyrylar" diýip, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligindäki çeşme Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda sözleriniň üstüni ýetirýär.

Bu maglumaty tassyklap, ol ministrligiň Lebap we Mary welaýatlaryndaky bölümleriniň käbir işgärleriniň anonim ýagdaýda beren düşündirişine görä, maý aýynda garaşylýan täze düzgünler, "raýatlaryň köpçülikleýin ýagdaýda maşgalalaryny taşlap, zähmet migrantlygyna gitmeginiň öňüni almagy we olary gysga wagtyň içinde yzyna getirip, öz ýurdunyň ösüşine goşant goşmagyny ýola goýmagy, galyberse-de, türkmen gelin-gyzlarynyň daşary ýurtlylara durmuşa çykmagy ürç etmegini togtatmagy" maksat edinýär.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan Türkiýedäki käbir türkmen zähmet migrantlary hem ýokarda agzalýan maglumaty eşidip, gaty biynjalyk bolýandyklaryny mälim etmek bilen bir hatarda, häkimiýetler özlerine garşy nähili düzgün çykarsa-da, Türkmenistanda işsizlik, ykdysady krizis we gytçylyk dowam edýärkä köp raýatyň yzyna dolanmajakdygyny öňe sürýär.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri, türkmen häkimiýetleriniň mundan owal daşary ýurtlardaky zähmet migrantlaryny yzyna getirmek üçin, olaryň maşgalalaryna, hossarlaryna we tanyş-bilişlerine basyş etmäge başlandygyny habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde, Aşgabadyň aeroportyndan hem gaty köp raýatyň daşary ýurda goýberilmändigi barasynda maglumatlar berlip, olaryň bu ýagdaýy protest edýän wideo şekili hem halk köpçüligine ýaýradylypdy.

Beýleki tarapdan, Daşoguzdan bir çeşmäniň welaýatyň migrasiýa işgärlerine, şeýle-de, daşary ýurda goýberilmedik ýaşlara salgylanyp, 16-njy aprelde beren maglumatynda, mundan beýläk 30 ýaşyny doldurmadyk türkmenistanly erkek adamlara daşary ýurda çykmaga rugsat berilmeýändigini, ýaşlara diňe okuw maksady bilen daşary ýurtlara gitmäge rugsat beriljegini aýdypdy.

Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmaýar.

XS
SM
MD
LG