Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly türkmeniň aýdymy Türkiýede geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy

Eýranly türkmen Abdyrahman Düýejiniň ikinjilik diplomy
Eýranly türkmen Abdyrahman Düýejiniň ikinjilik diplomy

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu günki sanyny 27-nji mart bilen 9-njy aprel aralygynda Türkiýede wideoýazgylar esasynda geçirilen "Kaspi Art“ atly halkara aýdym-saz bäsleşiginde ikinji ornuň "Ýaşa Türkmensähra“ atly aýdyma berilmegi mynasybetli, Eýranda ýaşaýan türkmenleriň aýdym-saz sungatynyň häzirki ýagdaýyna gönükdirýäris.

Eýsem, Eýrandaky türkmenleriň döwrebap aýdym-saz sungaty häzir nähili ýagdaýda?

"Kaspi Art" halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri, "Ýaşa Türkmensähra“ atly aýdymyň sözüni ýazyp, sazyny düzen we ony ýerine ýetiren Abdyrahman Düýeji öz döredijiliginiň maksatlary bilen bir hatarda häzirki döwürde Eýrandaky türkmenleriň aýdym-saz sungatynyň başdan geçirýän problemalary hakda Azatlyk Radiosyna maglumat berýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky garaýyşlaryňyzy ýa-da tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Eýranly türkmeniň aýdymy Türkiýede geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG