Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň dükanlarynda çörek bir ele iki buhankadan köp satylmaýar


Aşgabadyň çörek dükany (arhiw suraty)
Aşgabadyň çörek dükany (arhiw suraty)

Türkmenistanda bazarlardaky nyrhlardan arzan we kesgitli bahadan azyk önümlerini satýan döwlet gözegçiligindäki dükanlarda çöregiň her adam başyna iki buhankadan köp berilmeýändigini garaşsyz çeşmeler habar berýärler.

Читайте также на русском

“Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” (ANT) neşriniň 10-njy aprelde çap eden maglumatynda Maryda “ýönekeý buhanka çöregi hem tekçelerde bolmaýar, ony almak üçin dükanlaryň açylýan wagtyna, birinji hem bir gezek getirilýän wagtyna ýetişmeli. Ilat eýýäm nobatda durandyr, çörek tiz satylyp gutarýar, her ele iki buhankadan köp berilmeýär” diýilýar. Maglumatda her buhankanyň ululygynyň hem-de agramynyň ozalkysyndan kemdigi bellenýär.

“Biz bu ýagdaýy eýýäm başdan geçiren ýaly” diýip neşir öz okyjysyny sitirläp şeýle ýazar: “Çörek ýetmezçiligi 20-25 ýyl mundan ozal eýýäm bolupdy. Şonda-da adamlar öz paýyny – iki buhanka çöregi satyn almak üçin dükanyň açylan wagtyna gabat barýardy. Indi, şol wagtky ýaly, kartoçkalary girizmek galýar. Biz nirä bardyk, geçen asyryň 1995-nji ýylyna dolandykmy?”.

Çörek gytçylygy Türkmenistanda unuň gytalmagynyň hem gymmatlamagynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Marynyň dükanlaryndaky çöregiň çäkli satylýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem tassyklaýarlar.

“Dükanlara gelýän çörek nobata duranlaryň ählisine ýetmeýär. Ýogsam bolsa bir ele bir ýa iki buhankadan çörek berilýär. Onda nobata duranlar, çöregiň ýetmedik ýagdaýynda, indiki geljek çörege garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

“Çörek ýetmezçiligi sebäpli çörek bişirýän kärhanalaryň gapylarynda gijelerine durup, çörek bişirýän işgärlere ýalbar-ýakar edip, çörek alýan wagtymyz hem bolýar” diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, öz adyny efirde tutmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda döwlet gözegçiligindäki dükanlarda bäş kilogramlyk çäklendirme bilen satylýan unuň bir bölegini köplenç gara un goşup berýärler, ýa-da alyjyny bäş kilogram unuň ýany bilen bäş kilogram kartoşkany satyn almaga mejbur edýärler. Kartoşkanyň bir kilogramynyň şu günki bahasy 4 manat.

Şeýle-de, häzirki wagtda Mary welaýatynda ilata unuň ýerine kepek satylýar.

“Kä halatlarda diňe gara un geldi diýip, bäş kilogram mukdarly uny gara undan berýärler. 2-nji sortly gara un bolsa-da biz oňşuk etjek welin, gara un diýip, ilata berilýäni hem kepek bolup çykýar. Ol unlar un dälde üwelen kepek, käte bolsa berilýän un çägeden enaýy däl” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Mundan ozal Türkmenistanda un gytçylygy zerarly adamlaryň kepek iýip gün görýändigi barada birnäçe maglumat gowuşypdy.

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenstanda, esasan hem welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň ençemesi azyk harytlaryny karz satyn alyp gün görýärler.

Şu günki gün, hususan-da, Mary welaýatynyň bazarlarynda satylýan Türkmenistanda öndürlen unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 120 manada, Gazagystanda öndürlen unuň bahasy 180 manada barabar.

Türkmenistanda un gytçylygy geçen ýylyň dekabr aýynda döredi, şondan bäri unuň we çöregiň bahasy birnäçe esse ýokarlandy. Birnäçe welaýatda, şol sanda Maryda ilatyň arasynda un gytçylygyndan närazylyk döredi. Käbir maglumatlara görä, ýüzlerçe adam, esasan zenanlar protest bildirip köçä çykdy.

Munuň bilen bir wagtda Daşoguz welaýatynda ýerli häkimiýetler ilat arasynda köpçülikleýin närazylyklaryň öňüni almak üçin ýaşulularyň hem dindarlaryň gatnaşmagynda ilat bilen duşuşyklary geçirdi.

Şol bir wagtda-da, azyk önümleriniň gytçylygy, gymmatlamagy we ilatyň çekýän kynçylyklary Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan agzalmaýar, milli media serişdelerinde bu mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG