Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetabatlylar elektrik togynyň we gazyň ýygy-ýygydan kesilmeginden 'dat' edýär


Mary, Serhetabatda otludan düşen ýolagçylar. Arhiwden alnan surat.
Mary, Serhetabatda otludan düşen ýolagçylar. Arhiwden alnan surat.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi Serhetabat etrabynda, şol sanda Serhetabat şäherinde ilata berilýän elektrik togynyň, tebigy gazyň, gyşyn-ýazyn diýmän, ýygy-ýygydan we yzygiderli kesilýändigini, etrap merkezinde suw üpjünçiligi hem-de kanalizasiýa meseleleriniň ýyllarboýy çözülmän gelýändigini habar berýär.

“Tebigy gazyň, elektrik togynyň yzygiderli kesilmegi gyşyň aşa sowuk günlerinde we tomsuň jöwzaly yssysynda adamlaryň gündelik durmuşuna, saglygyna juda agyr täsir ýetirýär, sebäbi maşgalalarda ýaş-garry, näsag adamlar hem bolýar” diýip, maryly çeşme ýanwar aýynda, aşa sowuk howaly günlerde iki günläp gaz kesilende, adamlaryň ‘tasdan doňara gelendiklerini’ gürrüň berdi.

“Indi bolsa howa gyzyp, yssy günler köpelip başlady, öňde iýun, iýul we awgust aýlary dur, adamlar eýýämden tomsuň yssysyny nädip geçirjeklerini gaýgy edýärler, sebäbi tok kesilse, jaýlardaky sowadyjylar işlemeýär, azyk önümlerini saklamak kynlaşýar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gaz kesilende-de, elektrik togy kesilende-de adamlara hiç bir düşündiriş ýa maglumat berilmeýär, eger adamlar jandurmazlyk edip ýüz tutsalar, olara “pylan ýerde awariýa boldy, turba çüýredi ýa geçirijini bejerýäris” diýip, başdansowma jogap berýärler. Käte gaz ýa tok bir sagatdan, iki sagatdan berler diýýärler, emma köplenç adamlar toga-da, gaza-da has köp garaşmaly bolýarlar.

“Yssy günleriň başlanmagy sowadyjy ulanýan adamlaryň köpelmegi we tok ýetmezçiliginiň hem-de kesilmeleriniň gürelmegi bilen bir hatarda,başga-da bir aladany güýçlendirýär, etrap merkezinde kanalizasiýa, hapa suwlary akdyryp äkidýän ulgamyň gurulmazlygy netijesinde hajathana, hammam suwlary kä ýerlerde köçelere akdyrylýar, suwly ýaplara syzýar. Hojalyklaryň melleginde gazylan çukurlara ýygnanan hapa suwlaryň, daşy çala gabsalan, üsti açyk hajathanalaryň töweregi siňeklerden, agşam salkynlanda bolsa çybyn-çirkeýden myg berýär” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýaşaýjylaryň başga biri hem bu aýdylýanlary tassyk etdi.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň etrap ýerlerinde kanalizasiýa ulgamynyň gurulmazlygy ýa ýaramaz işlemegi netijesinde, hapa suwlaryň köçelerde çaýkanyp ýatýan wagty az bolmaýar. Bu ýagdaý tomus aýlarynda her hili ýokanç keselleriň köpelmegine sebäp bolýar diýip, häzir Ýewropada ýaşaýan ozalky lukman Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Maryly çeşme bu ýagdaýyň Serhetabat şäherine hem mahsusdygyny,tomus aýlarynda, arassa agyz suwunyň ýetmezligi, hapaçylyk zerarly, her hili ýokanç keselleriň köpelýändigini, çagalar baglarynda, mekdeplerde garahassalyk, sarygetirme keselleri bilen keselleýän çagalaryň az dqldigini gürrüň berdi.

Serhetabatly ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, ýerli häkimiýetler ilatyň gündelik durmuş meselelerini çözmek, adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ýeterlik alada etmän, esasan öz tanyş-bilişlerine, garyndaşlaryna kömek etmek, aýdaly, pisse ýygylýan wagtynda öz adamlaryny pissä ibermek ýaly işler bilen meşgullanýarlar.

“Şu we beýleki ýagdaýlar adamlarda barha kän nägilelik döredýär, emma olar açyk arza-şikaýat etmekden çekinýärler, sebäbi arz edýän, mesele gozgaýan adamlar halanmaýar” diýip, çeşme aýtdy.

Bellemeli ýeri, türkmen metbugatynda hem mesele, problemalar barada kän zat aýdylmaýar. Şol bir wagtda Ministrler kabinetiniň mejlislerinde prezidentiň şäher, etrap we oba ýerlerini abadanlaşdyrmak baradaky programmasynyň çäginde müňlerçe kilometre uzaýan suw turbalarynyň, gaz geçirijileriniň çekilendigi, adamlaryň döwlet baştutanynyň adamlar üçin döreden şertlerinden hoşaldygy her gün onlarça gezek ýanjalyp habar berilýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistan golaýda Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyryp, ulanmaga berdi, şeýle-de türkmen hökümeti Serhetabat, ozalky Guşgy şäheriniň üstünden goňşy Owganystana elektrik togyny iberýär.

XS
SM
MD
LG