Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni parlamenti täze premýer üçin 1-nji maýda ses bermek kararyna geldi


Ýerewan protestleri 26-njy aprelde hem dowam etdi.
Ýerewan protestleri 26-njy aprelde hem dowam etdi.

Ermeni parlamentiniň spikeri Ýerewandaky kanun çykaryjy organyň 1-nji maýda işden çekilen Serž Sarkisýanyň ornuna ýurduň nobatdaky premýer-ministrini saýlamak üçin ses berjekdigini aýtdy.

Spiker Ara Babloýan 26-njy aprelde Ermenistanyň Respublika partiýasynyň häkimiýeti oppozisiýa lideri Nikol Paşinýana tabşyrmak barada barha ýokarlanýan basyşa uçramagy sebäpli ýörite parlament sessiýasynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Emma Sarkisýanyň işden çekilmegine we 25-nji aprelde dolandyryjy Respublika partiýasynyň kiçi hyzmatdaşynyň dolandyryjy koalisiýadan çykmagyna garamazdan, Respublika partiýasy şindi hem 105 orunly parlamentde 58 deputat bilen köplük bolup galýar.

Indiki premýer-ministriň ornuna geçmek üçin öz kandidatlygyna goldaw almaga çalyşýan Nikol Paşinýan 26-njy aprelde beýleki parlament fraksiýalary bilen hem duşuşdy.

Oppozisiýadaky bir blok 25-nji aprelde özleriniň bu wezipä kandidat hökmünde resmi ýagdaýda Paşinýany hödürlejekdigini yglan etdi.

Emma Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa ýaranlygynyň Paşinýany Ermenistanyň indiki premýerligine saýlamak üçin parlament sesleri ýeterlik däl.

Munuň üçin ähli oppozision deputatlaryň we we Respublika partiýasyndan saýlanan kanun çykaryjylaryň azyndan alty sanysynyň Paşinýanyň kandidaturasyna ses bermegi gerek.

Paşinýan 26-njy aprelde parlamentdäki ikinji uly köplük bolan fraksiýanyň – oppozisiýadaky Tsarukýan ýaranlygynyň lideri Gagik Tsarukýan bilen duşuşandygyny aýtdy.

Tsarukýanyň ýolbaşçylygyndaky Abadançylykly Ermenistan partiýasy 25-nji aprelde öz agzalaryny köçelere çykyp, Paşinýanyň protest hereketini goldamaga çagyrdy. Emmam bu partiýa entek öz parlamentdäki deputatlarynyň mejlis ses berişliginde Paşinýany goldap ses berjegini resmi taýdan yglan etmedi.

Tsarukýan 26-njy aprelde öz parlament fraksiýasynyň eýeleýän resmi pozisiýaysyny gepleşikler tamam bolandan soňra mälim etjekdigini aýtdy. Ol “bir zat açyk aýdyň, biz öz gelen kararymyzda öz halkymyzyň sesinden, halkymyzyň isleginden ugur alarys” diýdi.

Ermenistanyň Rewolýusiýa federasiýasy, daşnaksutýunçylar bolsa, dolandyryjy koalsiýadan çykanyndan soň, parlament“halkyň ynanýan,bil baglaýan” premýer-minsitrini saýlamaly diýdi.

Daşnaksutýunçy kanun çykaryjylaryň birnäçesi 25-nji aprelde il ortalaýyn Paşinýana hem-de onuň soňky iki hepde bäri öňüni çekýän köçe protestlerine goldaw bildirdi.

Şu aralykda Ermenistanyň dolandyryjy respublika partiýasynyň iki sany esasy resmisi, daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Edward Nalbandýan we premýer-ministriň orunbasary Armen Geworgýan Moskwada resmiler bilen duşuşyp, ýerewandaky syýasy krizisiň täsirlerini ara alyp maslahatlaşýar.

Emma Nalbandiýan 26-njy aprelde Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugynyň Moskwadaky duşuşygyň gün tertibi hem-de haýsy resmiler bilen duşuşýandygy barada beren soragyna jogap bermekden ýüz öwürdi.

Nalbandýan bilen Geworýanyň Moskwa sapary Respublika partiýasynyň agzalarynyň 25-nji aprel güni giçlik Sarkisýan we iş başyndaky premýer-ministr Karen Karapetýan bilen duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Respublika partiýasy bu duşuşykdan soň Sarkisýany partiýa başlygy wezipesinden aýryp, onuň ýerine başga ýolbaşçy bellejekdigini yglan etdi, emma täze lideriň aýdy aýdylmady.Şeýle-de bu partiýa özüniň Paşinýan bilen “islendik meseläni” ara alyp maslahatlaşamaga taýýardygyny, şeýle-de hiç bir şert goýmajakdygyny aýtdy.

Oppozisiýadaky Raýat şertnamasy partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Paşinýanyň goldawçylary 26-njy aprelde hem öz köçe protestlerini dowam etdirdiler.

XS
SM
MD
LG