Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda protestler dikeldilýär, paýtagtda ýene polisiýa güýçleri toplandy


Ermenistanyň hökümete garşy protestleri gaýtadan başlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00

Ermenistanyň hökümete garşy protestleri gaýtadan başlandy

Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşinýan dolandyryjy Respublika partiýasy bilen geçiren gepleşikleri ýatyrylandan soň, müňlerçe goldawçysynyň öňüni çekip,Ýerewanyň köçelerinde täze protestlere başlady.

25-nji aprelde başlanan protestleriň yzysüre ermeni paýtagtynyň merkezine ýerleşdirilen polisiýa güýçleri uzak wagtlyk lider Serž Sarkisýan 11 güne çeken demonstrasiýalardan soň işden çekilendeniki gün soň ýurduň syýasy geljegine täze nämälimlik getirdi.

Içeri işler ministrliginiň bronly harby tehniklarynyň yzy yzy bilen gelen polisiýa maşynlarynyň kerweni şäher merkeziniň dürli ýerlerine tikenli sim aýlanmagy bilen utgaşdy.

Strategiki pozisiýalara gözegçilik edýän polisiýa ofiserleri pitneçiligiň öňüni almaga taýyn edildi, tussaglary alyp gidýän awtobuslar howpsuzlyk-barlag nokatlarynyň ýanyna getirildi.

Hökümet binalarynyň köçeleri bilen bir hatarda dolandyryjy Respublika partiýasynyň esasy edarasyna eltýän ýol hem baglandy.

Paşinýan 25-nji aprelde Ermenistanyň “zorluksyz ‘mahmal’ rewolýusiýasynyň Ermenistan respublikasynda Respublika partiýasynyň indiden aňryk häkimiýetde galyp bilmejegini” açyk aýdandygyny nygtady.

Sarkisýan 23-nji aprelde işden çekilen hem bolsa, “Serž Sarkisýan respublikanlar arkaly ýurtda öz kölege hökümetini döretmez ýaly, resbuplikanlar hem öz häkimiýetlerindenmahrum edilmeli” diýip, ol aýtdy.

Paşinýan 25-nji aprelde ýerewanyň köçelerine çykan müňlerçe protestçä megafon arkaly ýüzlenip, “Biz Respublika partiýasynyň öz ygtyýarlyklaryndan el çekmegini, respublikaçylaryň ählisiniň halkyň ýeňşini gyşarnyksyz ykrar etmegini talap edýäris” diýdi.

Paşinýan 24-nji aprelde feýsbukda çap edilen wideoýüzlenmesinde Respublika partiýasyny Sarkisýan işden çekilenden soň hem häkimiýeti gaýtadan ele almak synanyşygynda aýyplady. Serž Sarkisýan2008-nji ýyldan apreliň başyna çenli prezident boldy we 17-nji aprelde premýe-ministr boldy.

"Biz bu partiýanyň wekiliniň premýer-ministr bellenmegi bilen ylalaşmarys, şeýle-de biz bu korrumpirlenen sistemanyň dowam etmegine ýol berip bilmeris” diýip, ol aýtdy.

Şu aralykda baý biznesmen Gagik Tsarukýanyň ýolbaşçylygyndaky Abadançylykly Ermenistan partiýasy – parlamentde ikinji uly fraksiýany düzýän partiýa öz agzalaryny köçedäki adamlar bilen “bile bolmaga” çagyrdy.

Parlamentde orny bolmadyk Miras partiýasynyň lideri, resmi maglumatlara görä 2013-nji ýylyň prezident saýlawlarynda ikinji bolanRaffi Howannisýn hem şeýle etdi.

Sosial demokrat Hunçakýan partiýasy bolsa iş başyndaky premýer-ministr Karen Karapetýany işden çekilmäge we parlament köplügini halkyň kandidatyny premýer-ministr saýlamaga mejbur etmäge çagyrdy.

Partiýanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, şundan başga ýoldan gidilse, onuň “dolanuwsyz we howply netijelere” alyp gelmegi mümkin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG