Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetsiz reportýorlar: Türkmenistan – dyngysyz giňeýän “gara girdap”


Türkmen TW-siniň diktory ýurtda "gazanylan" üstünlikler barada gürrüň berýär.
Türkmen TW-siniň diktory ýurtda "gazanylan" üstünlikler barada gürrüň berýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan täze ýyllyk hasabatynda, däp bolşy ýaly, bu ýyl hem Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirdi. Maglumat azatlygyna syn berýän gurama Türkmenistana bagyşlanan sahypasynda ýurdy “dyngysyz giňeýän gara girdap” hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistan Demirgazyk Koreýa bilen Eritreýanyň yzyna eýerip, sanawda soňdan 3-nji orunda boldy. Guramanyň her ýyl gaýtalanýan sanawynda Türkmenistan iň yzky orunlarda ýerleşdirilýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ýurtda söz azatlygynyň ýagdaýy ozalkysyndan 0.01 % pese gaçypdyr. Bu barada metbugat azatlygyna syn berýän gurama öz ýaýradan hasabatynda aýratyn belläpdir. Ýöne Türkmenistan babatda statistiki sanlaryň gelip çykyşy we hasaplanyşy barada giňişleýin maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri durmuşyň ähli ugurlarynda ýurduň ösen döwletler bilen aýakdaş gidýändigini öwran-öwran tekrarlaýar.

Ýogsa-da, “Serhetsiz reportýorlaryň” täze hasabatynda dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy umuman pese gaçypdyr.

“Hasabatda dünýädäki “diýdimzorlaryň” täsiriniň ýoň bolup barýandygy açylyp görkezilýär. Ýurduň içinde garaşsyz sesleri basyp ýatyran Wladimir Putin RT we "Sputnik" ýaly media serişdeleriniň üsti bilen propaganda toruny has-da giňeldýär. Hytaýyň lideri Şi Jinping maglumat we habar giňişliklerine berk gözegçilik etmek bilen Aziýada beýlekilere nusga bolýar. Tankydyň we dürli pikirliligiň üznüksiz basylyp ýatyrylmagy Sanawyň soňlarynda ýerleşýän Wetnam, Türkmenistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlary ýüreklendirýär” diýip, hasabatda aýdylýar.

“Syýasy liderleriň media garşy ýigrenç bilen garamaklary indi diňe bir Türkiýe we Müsür ýaly awtoritar ýurtlar bilen çäklenmeýär. Bu ýurtlarda “mediafobia” ösen derejelere ýetip, žurnalistler yzygiderli terrorçylykda aýyplanýar. Syýasy liderleriň sözünden çykýanlar eden-etdilikli tussag edilýär” diýip, hasabatda söz azatlygynyň bütin dünýäde gözgynylaşýandygyna üns çekilýär.

“Wezipä saýlanýan liderler media indi demokratiýanyň wajyp sütüni hökmünde garamaýar. Olar oňa ganym duşman hökmünde seredip, öz duşmançylykly garaýyşlaryny aç-açan halkyň gözüniň alnynda äşgär edýärler. Donald Trampyň baştutanlygynda ABŞ-da medianyň hal-ahwaly ýene-de ýaramazlaşyp, iki basgançak pese gaçdy we 45-nji orunda ýerleşdirildi.

Mediany ýepbeklemäge höwesjeň Tramp habarçylara “halk duşmany” diýip ýüzlendi. Bu sözi ondan ozal Iosif Stalin ulanypdy” diýip, hasabatda aýdylýar.

Söz azatlygyna urulýan zarbanyň bütin dünýäde ýitileşýändigi ýaňzydylýan hasabatda, bu ýagdaýyň ozalam ony berk çäklendirýän awtoritar ýurtlary ruhlandyrýandygy aýdylýar.

“Türkmen hökümeti media serişdeleriniň ählisine gözegçilik edýär. Ýurduň çäkli internet ulanyjylary diňe berk senzuradan geçirilip, süzülip-sykylan internet torlaryndan peýdalanyp bilýärler. Ýöne bu ýagdaý “Arkadag” diýlip tanalýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy kanagatlandyrmaýar. Ýurtda gizlinlik şertlerinde daşary ýurtlaryň media guramalarynda işleýän az sanly žurnalistleri gorkuzmak işleri dowam edýär. 2015-nji ýylyň iýul aýynda türmä basylan Saparmämmet Nepesgulyýew hem şolardan biridir. Soňky ýyllarda žurnalistler tussag edildi, gynaldy, fiziki hüjümlere sezewar edildi ýa-da işlerini bes etmäge mejbur edildi” diýlip, hasabatyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Şol sanda, hasabatda 2018-nji ýylda Türkmenistanda Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda täze Kanunyň kabul edilendigi, bu kanunyň ýurtda hususy telekanallary açmaga rugsat berýändigi, ýöne olaryň diňe “Tükmenistanyň pozitiw keşbini” wagyz etmäge şertlendirilýändigi bellenip geçilýär.

Hasabatda Norwegiýa, Şwesiýa we Gollandiýa ilkinji üçlüge girizildi. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan Özbegistan 165-nji ýerde, Gazagystan 157-nji ýere geçen Türkiýäniň yz ýany 158-nji orunda , Täjigistan 149-njy ýerde we Gyrgyzystan 98-nji orunda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG