Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar gije sagat 2-de çärä alnyp gidildi


Türkmen talyplary

“Şenbe gününden ýekşenbe gününe geçen gije, sagat 2-de Aşgabatdaky talyplar çärä äkidildi. Olar şol gidişlerine öýlän sagat 2:30-da umumy ýaşaýyş jaýyna geldiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýdýar.

Читайте также на русском

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz gürrüňi edilýän talyplaryň Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bedew baýramy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdyrylandygyny belläp, talyplaryň öz dynç gününde 12 sagatdan gowrak wagt aýak üstünde durmaly bolandygyny aýtdy.

“Talyplar çäreden gelende, olaryň ýüzünde gülki ýok, ýadawlygyny, ýagdaýynyň gowy däldigini soramasaň-da, aňsa bolýar. Talyplaryň käbiri Azatlyk Radiosynyň üsti bilen, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan işgärleri we talyplary çäre diýip, ondan-oňa süýremegi bes etmegi soraýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmen mediasynda hepdäniň ahyrynda, Aşgabatda Bedew baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisiniň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyň, Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleriniň jemlenilendigi we bu çärelere türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň gatnaşandygy habar berilse-de, çärelere döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň we talyplaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmady.

Belläp geçsek, Türkmenistanda döwlet işgärleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň, hünär we orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuwlarynyň, işleriniň ýatyrylyp, ýurtda uly dabara bilen bellenilýän we resmi mediada giňden mahabatlandyrylýan baýramçylyk çärelerine mejbury gatnaşdyrylmagy bilen bagly tejribäni indi ençeme ýyl bäri synlasa bolýar. Şeýle-de, çärä gatnaşyjylar bu dabaralarda geýmeli egin egin-eşikleri hem köplenç öz hasabyna almaly bolýarlar.

Mundanam başga, türkmen prezidentiniň ýurduň dürli welaýatlaryna edýän saparlarynyň öň ýanynda, döwlet işgärleri we talypdyr okuwçylar köçeleri süpürmek, haşal otlary, zir-zibilleri arassalamak ýaly çärelere hem mejbury gatnaşdyrylýar.

“Çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürseň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýa işden, ýa-da okuwdan çykarylmak haýbaty atylýar. Munuň üstesine, çärä gatnaşýanlardan şatlyk-şowhun bilen çapak çalyp, ýylgyrmak hem talap edilýär” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly talyp Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň beripdi.

Türkmen mediasynda “Döwlet adam üçindir!” we “Türkmenistan çagalyk we ýaşlyk üçin bagt ýurdudyr” ýaly resmi şygarlar öňe sürülýär. Emma ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi talyplaryň we döwlet işgärleriniň resmi dynç alyş gününde hem çäreden çärä gatnamaga mejbur edilýändigini, ýurtda bellenilýän baýramçylyklaryň bolsa, häzirki döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, öňki ýyllardan tapawutlylykda, Türkmenistanda Bedew baýramy bu gezek “milli” baýram diýlip bellenildi, sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni bu baýramyň adyny üýtgetmek, ony “Türkmen bedewiniň milli baýramy” diýip atlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG