Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Pakistana akdyrmaga isleg bildirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Eýranyň Nebit-gaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Araki “Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň gazyny Pakistana swap esasynda akdyrmaga taýýardygyny yglan edýär” diýdi. Bu barada IRNA habar agentligi 29-njy aprelde habar berdi.

Читайте также на русском

Eýranly ýokary derejeli resmi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginiň ähtimallyklaryna şübheli garaýyşlaryny beýan edende şeýle bellikleri aýtdy.

“Eýran özüniň regiondaky pozisiýasy sebäpli, ýurduň töwereginden geçýän islendik gaz geçiriji taslamada hyzmatdaşlyk edip bilýär” diýip, Araki aýdypdyr.

Şeýle-de, eýranly resminiň “TOPH gaz geçiriji taslamasynyň 10 ýylda amala aşyryljak proýektdigini nazarda tutanymyzda, onuň haýsy maliýe serişdeleriň hasabyna guruljakdygy nämälim” diýendigi Eýranyň “Mehr” habar gullugynda sitirlenýär.

Eýran häzirki wagtda swap, ýagny alyş-çalyş ylalaşygy esasynda türkmen gazyny Azerbaýjana akdyrýar. Eýran Türkmenistandan kabul edip alýan gazyna deň mukdarda öz mawy ýangyjyndan Azerbaýjana akdyrýar diýip, Eýranyň nebit-gaz ministriniň orunbasary aýtdy.

Eýranly ýokary derejeli resminiň sözleri türkmen gazynyň Pakistana swap arkaly Eýranyň araçylygynda akdyrylmagyna päsgelçiligiň ýokdugyny çaklamaga esas döretse-de, mundan ozal, has takygy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda peýda bolan habarlarda Türkmenistanyň öz gazyny Eýranyň üstünden swap arkaly Türkiýä akdyrmagy eýranly resmilere teklip edendigi, ýöne şonda Eýranyň muňa meýilli garamandygy aýan bolupdy.

Şonda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory, şol sanda ýurduň nebit-gaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Araki Türkmenistanyň bu teklibine Eýranyň “meýilli” däldigini aýdypdy.

Ol öz çykyşynda: “Biz alyş-çalyş operasiýalary arkaly özümize garşydaş ýurduň gazyny Türkiýä satmaga garşy” diýip, sözüniň üstüni ýetiripdi.

Ýöne, ynha düýn Eýranyň metbugatynda peýda bolan habarlardan çen tutulsa, oktýabr aýynda türkmen gazyny swap ylalaşygy esasynda Türkiýä akdyrmaga razy bolmadyk eýranly resmiler alyş-çalyş esasynda Türkmenistanyň gazyny Pakistana akdyrmaga isleg bildirýär.

Azatlyk Radiosy gürrüňi gidýän täzelik barada regionyň energiýa gatnaşyklaryny ýakyndan yzarlaýan Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere ýüzlenende, ol türkmen gazynyň swap ylalaşygy esasynda Pakistana akdyrylmagynyň Rohaniniň Aşgabada eden soňky resmi saparynda gepleşikleriň gün tertibine girizilendigini çaklady.

“Men bu mesele Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana eden soňky saparynyň barşynda gozgalandyr diýip pikir edýärin. Hatda Arakiniň çykyşynda Türkmenistana bu teklibiň hödürlenendigi, ýöne heniz türkmen tarapynyň anyk jogap bermändigi agzalýar. Onuň ýekşenbe güni eden çykyşynda bu mesele jemgyýetçilige ilkinji gezek ýetirilýär, ýöne olar mundan ozal bu teklibi türkmen hökümetine hökmän hödürlän bolmaly” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de ekspert gürrüňdeşligiň dowamynda Eýrandan Pakistana, galyberse-de, uzagyndan Hindistana-da çekilmegi göz öňünde tutulýan “Parahat” gaz geçirijisi barada agzap, bu taslamanyň TOPH gaz geçiriji proýektine alternatiwadygyny aýtdy. Ýöne Pakistanyň “Parahat” gaz geçirijisine höwesli däldigini aýratyn nygtan bilermen, munuň şeýledigine Pakistanyň uzak möhletli ýarany ABŞ-nyň täsiriniň bolandygyny belledi.

“Pakistan [“Parahat” gaz geçirijisine] ätiýaçly çemeleşýär. Olar bu meselede öňli-soňly ädim ätmeýärler. Pakistan ABŞ-nyň köp ýyllyk ýaranydyr. ABŞ bu gepleşiklere, [ýagny Pakistana Eýranyň gazynyň akdyrylmagyna] garşy çykyp gelýär. Waşington birnäçe gezek Pakistana olaryň Eýran bilen şeýle gatnaşygy ýola goýmagyna özüniň garşydygy mälim etdi. Muňa alternatiwa hökmünde Pakistany TOPH-a höweslendirdi. Elbetde, ABŞ mundan ozal Pakistany uly möçberde maliýe serişdeleri bilen üpjün edipdi. Bu ýagdaýlar Pakistanyň [“Parahat” gaz geçirijisine] çynlakaý çemeleşmegine böwet boldy diýen ýaly” diýip, Panniýer aýtdy.

Heniz Eýranyň pakistanly häkimiýetleri eýran gazyny satyn almaga razy edip bilmändigine degip geçen ekspert, Waşingtonyň öz ýaranlaryna Eýranyň gazynyň akmagyna çürt-kesik garşy çykýandygyny, ýöne şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň swap ylalaşyklaryndan nägile bolmaýandygyny aýtdy.

“Birleşen Ştatlary öz ýaranlarynyň Eýrandan gaz satyn almagyna garşy çykýar. Türkiýe bilen bagly ýagdaýlarda-da şeýle bolupdy. Ýöne ABŞ swap ylalaşyklaryna garşy çykmaýar” diýip, bilermen aýtdy.

“Eýran bu teklibi etmek bilen maliýe kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistany razy edip bilse, onda Eýranyň bu taslamany “Eýranyň gazy däl, türkmen gazy Pakistana akdyrylýar” diýip mahabatlandyrmaga mümkinçiligi bolar” diýip, gürrüňdeşimiz belledi.

Ol söhbetdeşlikde Eýranyň bu maýowrynyň şol bir wagtyň özünde Pakistany özünden gaz satyn almaga itermek üçin edilýän göçüme çalym edýändigini aýtdy

“Bu Pakistany öz çägindäki gaz geçirijiniň gurluşygyny tamalap, tizden-tiz Eýran gazyny import etmäge başlamaga razy etmek üçin edilýän hileli göçüme meňzeýär” diýip, ekspert belledi.

Agzalýan gaz geçiriji arkaly diňe türkmen gazynyň akdyrylmajakdygyny, belli möçberde hökmany suratda Eýranyň-da gazynyň akdyryljakdygyny aýdan ekspert, eger-de bu gepleşikler iş ýüzünde durmuşa geçirilen ýagdaýynda, aradan birnäçe ýyl geçensoň, Eýranyň gaz geçirijini diňe öz gazyny satmak üçin ulanyp biljekdigini çaklady.

XS
SM
MD
LG