Ermenistanyň oppozision lideri Nikol Paşiniýan Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Gürjüstanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri bilen duşuşyp, özüniň ýurtdaky syýasy krizisi çözmegiň üstünde işleýändigini aýtdy.
“Men ilçileri içerki krizisi çözmek ugrunda gelnen ylalaşyklar barada habarly etdim” diýip, ol 3-nji maýda giçlik özüniň Facebook sahypasynda paýlaşan beýanatynda belledi.
“Şeýle-de, ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça birnäçe meseleler maslahat edildi. Ermenistanda ynanç bildirilen ilçiler bilen duşuşyklar dowam eder” diýip, Paşiniýan sözüniň üstüni ýetirdi.
3-nji maýda ermeni parlamentinde Paşiniýan özüniň “Ýelk” partiýasy we beýleki oppozision partiýalar tarapyndan premýer-ministr wezipesine ikinji gezek dalaşgär bellenildi. Şondan soň, häkimiýetdäki Respublika partiýasy Paşiniýany “halkyň dalaşgäri” hökmünde goldajakdygyny mälim etdi.
Ermenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, eger-de 8-nji maýda ikinji gezek geçiriljek saýlawlarda premýer-ministr saýlanmasa, onda ýurduň parlamentiniň güýji ýatyrylýar we wagtyndan öň umumy saýlawlar geçirilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.