Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emeldarlar Daşoguzdaky Şamülki ‘eşrethana öwürdiler’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Saparmyrat Nyýazowyň ýurda baştutanlyk eden döwründe, beýleki welaýatlaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda-da bina edilen “şa mülküň” häzirki wagtda emeldarlaryň “eşrethanasyna” öwrülendigini Azatlygyň çeşmesi 7-nji maýda ýurduň demirgazygyndan habar berdi.

Gizlinlik şertlerinde maglumat ýetiren çeşme, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezine golaý aralykda ýerleşýän “şa mülküň” 50 %-niň häzirki wagtda garrylar öýi hökmünde hyzmata açylandygyny, ýöne galan ýarysynyň döwlet resmileriniň “keýp çekýän ýerine” öwrülendigini habar berdi.

“Daşogzuň Ruhubelent etrap merkeziniň 5 kilometr günorta-günbatarynda Nyýazowyň [gurduran] mülki bar. Ol köşgüň 50 göterimi häzir garrylar öýi edildi. Ýöne galan ýarysy, ýagny esasy lýuks bölegi welaýat derejesindäki emeldarlaryň eşrethanasyna öwrüldi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Şamülke degişli 100 gektardan gowrak mes toprakly ýerleriň miweli baglarynda ýetişýän ir-iýmişleriň, kagyz ýüzünde, garrylar öýüne ugradylýandygy barada resminamalar düzülýär, ýöne iş ýüzünde welin miweli baglardan gelýän girdejilerinden welaýatyň resmileri galp ýollar arkaly peýdalanýarlar.

“100 gektardan gowrak bagyň miweleri ol ýerdäki garrylara berilýär diýip, resminamalar doldurylýar. Hakykatda ol bagdan gelýän girdejileri emeldarlar ogurlaýarlar” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Şeýle-de ol şa mülkde saklanýan mallaryň ýitirim edilýändigini öňe sürüp, bu mesele boýunça özünde bar bolan soragly garaýyşlaryny beýan etdi.

“[Ol ýerdäki] mal-garalaryň, dowarlaryň nirä ýitirim edileni hiç kime belli däl” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurduň welaýatlarynda bina edilen “şa mülkler” barada Azatlyga gürrüň berdi:

“Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň Halkara fondunyň düzüminde “Şamülki” önümçilik birleşigi döredildi. Her welaýatdan iň mes toprakly ýerlerden, ähli amatlyklary bolan ýerlerden her şa mülküne orta hasap bilen 2 müň gektar ýer bölünip berildi. Bölünen ýerlerde döwlet gaznasynyň hasabyna, has takygy, halkyň daban azabynyň yrsgalynyň hasabyna, köşg-i eýwanlar bina edildi. Şol köşg-i eýwanlaryň her biriniň gurluşygy ortaça 5 million amerikan dollaryna düşdi” diýip, aşgabatly synçy Bugaýew Azatlygyň Hepdäniň jemi gepleşigine beren gürrüňinde aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda agzalýan mülkleriň eýeçiligi barada-da aýdyp, şeýle diýdi:

“Halkara fondunyň girdejileri-de, bölünip berlen 10 müň gektar ýer-de, 20 müňden gowrak dowar-da, gara mallar-da, düýeler-de “beýik serdaryň”, “şa şahyry” Saparmyrat Nyýazowyň hususy eýeçiligine berildi”.

Daşoguzly çeşmäniň beren maglumatlarynda çen tutulsa, ozallar Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň eýeçiliginde bolan ýurduň demirgazygyndaky “Şamülki” häzirki wagtda welaýat derejesindäki emeldarlar “eşrethana” öwrüp, onuň önümçiliginden galp ýollar arkaly peýdalanýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Daşoguz welaýatyndaky şa mülki sebitiň maňlaýa sylynyp, zyýarat edilýän “Aşyk aýdyň pir” taryhy ýadygärlik galasyndan 15 kilometr çemesi daşlykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG