Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzly ýaşlar garagalpak uniwersitetine okuwa girmäge taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu ýyl köp sanly daşoguzly ýaşlar Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň Nöküs şäherinde ýerleşýän Berdah adyndaky garagalpak döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin resminama taýýarlaýarlar. Bu barada Azatlygyň daşoguzly çeşmesi habar berýär.

Читайте также на русском

“Bu ýokary okuw jaýynda Türkmen dili fakulteti bar ekeni, şoňa biziň raýatlarymyz kabul edilýän ekeni. Şol sebäpden şu ýyl köp sanly daşoguzly ýaşlar Nöküsiň Berdah uniwersitetine okuwa girmäge taýýarlyk görýär” diýip, welaýatdaky meýillerden habarly çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy 10-njy maýda agzalýan ýokary mekdebiň okuw işleri boýunça prorektory, matematika-fizika ylymlarynyň kandidaty, dosent Muhtar Ibragimow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ibragimow gürrüňdeşlikde öz ýokary okuw jaýlarynda Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň bardygyny tassyklap, mundan ozal hem özlerinde türkmenistanly talyplaryň bilim alandygyny, häzirki wagtda-da ol ýerde onlarça türkmenistanlynyň okaýandygyny aýtdy.

“Türkmen dili we edebiýaty okadylýan Türkmen filologiýa fakulteti biziň okuw jaýymyzda köp wagtdan bäri bar. Bizde 74 sany türkmenistanly talyp bilim alýar” diýip, prorektor gürrüň berdi.

Ol Türkmenistandan gelip, Berdah adyndaky garagalpak döwlet uniwersitetinde okaýan talyplaryň esasan daşoguzly we lebaply ýaşlardan ybaratdygyny, ýöne olaryň hatarynda ýurduň beýleki welaýatlaryndanam oglan-gyzlaryň bardygyny mälim etdi.

Talyplaryň nähili şertlerde okuwa kabul edilýändigi barada özüne berlen soraga prorektor olaryň kada-kanun esasynda baglaşylan şertnama boýunça okuwa kabul edilip, ylalaşykda görkezilen okuw töleglerini walýutada töleýändiklerini, şeýle-de olaryň ýokary mekdebe degişli umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýatak jaýlar bilen üpjün edilýändiklerini aýtdy.

“Olar şertnama esasynda okuwa kabul edilýärler. Talyplar ýokary mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýatak jaýlary bilen üpjün edilýärler. Olar şertnamada görkezilen okuw töleglerini walýuta görnüşinde töleýärler” diýip, prorektor belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda agzalýan ýokary mekdebiň prorektory Ibragimow türkmenistanly talyplaryň okuw tölegleriniň möçberi barada-da gysgaça maglumat berip, olaryň bir ýyllyk okuw töleginiň takmynan 2 müň amerikan dollaryna barabardygyny mälim etdi.

Prorektor agzalýan tölegiň talyplaryň ýaşaýyş jaý çykdajylaryny-da öz içine alýandygyny aýdyp, giriş synagynyň söhbetdeşlik esasynda geçirilýändigini aýtdy.

“Şu tölegiň içine umumy ýaşaýyş jaýyň tölegleri-de girýär. Okuw giriş synaglary geçen ýyldan başlap, söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär” diýip, ol belledi.

Şeýle-de, gürrüňdeşimiz öz okuw jaýlarynda okamaga isleg bildirýän türkmenistanly talyplar barada has giňişleýin maglumat berip, goňşy ýurtdan okuwa gelýän oglan-gyzlaryň sanynyň soňky ýyllarda has-da artýandygyny, olaryň aglaba böleginiň özbek garagalpak dillerine erk edýändigini, ýöne arasynda arassa türkmen dilinde gepleýänleriň hem tapylýandygyny sözüne goşdy.

“Ozalky ýyllar bilen deňeşdireniňde [türkmenistanly talyplaryň] sany artýar. Gyzykly ýeri, gelýänleriň köpüsi özbek, garagalpak dillerine erk edýär. Olaryň hatarynda diňe arassa türkmen dilinde gepleýänlerem bar. Türkmen filologiýa kafedrasynda alty mugallym talyplara bilim berýär” diýip, prorektor belledi.

Türkmenistandan gelip gowuşýan habarlarda, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň käsiniň ýurduň çäginde ýerleşýän ýokary okuw jaýlara girmek üçin talap edilýän paranyň mukdaryny eýgermänsoň, olaryň daşary ýurtlarda bilim almaga isleg bildirýändiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, daşary ýurtlarda bilim alýan käbir türkmenistanly talyplaryň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, olar ýa ýurduň çägindäki okuw jaýlarda talyplaryň “çärelere” çekilmeginden nägile bolansoň, ýa-da daşary ýurtlarda berilýän bilimiň hilinden juda razy bolansoň, daşary ýurtlara has ýykgyn edýärler. Ýöne, Berdah adyndaky garagalpak döwlet uniwersitetinde okamaga isleg bildirýän türkmenistanly ýaşlaryň anyk motiwasiýalarynyň nämedigi doly mälim däl.

Ýatladyp geçsek, golaýda Orsýetde, Belarusda, Ukrainada we Tatarystanda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar özleriniň türkmen banklary bilen bagly ýüze çykan meseleler sebäpli maddy taýdan ejir çekýändiklerini aýdyp, Azatlyk bilen habarlaşypdylar.

XS
SM
MD
LG