Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Visa kartlar işlemeýär, daşary ýurtdaky studentler açlyk çekýär


Illýustrasiýa suraty

Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan türkmen talyplary özleriniň türkmen banklaryndan berlen Visa kartlaryny bilim alýan ýurtlarynda kadaly ulanyp bilmeýändiklerini aýdyp, şikaýat edýärler. Bu barada agzalýan kynçylyklary başdan geçirýän talyplaryň özleri Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“Biz kartymyzdan düýbünden pul çekip bilemizok. 10 günden bäri günde [pul çekmek üçin] banka barýas, ýöne bankyňyza jaň ediň diýilýär” diýip, galagoply ýagdaýlary başdan geçirýän türkmen talyplary zeýrenýärler. “Banka jaň etsek ‘biz size gerekli maglumaty berip bilemizok’ diýip, telefony öçürýärler” diýip, Ukrainada ýokary bilim alýan talyplar kartlar boýunça özlerinde bar bolan soraglaryna Türkmenistandaky degişli resmilerden hem jogap alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar we “Näme, indi, biz aç ölmelimi?” diýip, nägilelik bildirýärler.

Dünýäniň köpsanly ýurdunda adaty söwda we maliýe guralyna öwrülen Visa kartlarynyň türkmen ulanyjylarynyň arasynda dürli kynçylyklary başdan geçirmegi barada soňky wagtlarda Azatlyk Radiosynda yzygiderli maglumatlar çap edildi.

Geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň türkmen banklary tarapyndan çykarylan Visa kartlary boýunça tölegleri böwetländigi barada habarlar peýda bolan bolsa, eýýäm ýylyň başynda daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da syýahat edýän käbir türkmenistanlylar öz kartlaryndaky pullaryny asla-da nagtlaşdyryp bilmeýändigini, olaryň käbirleri bolsa çäklendirilen görnüşde nagtlaşdyryp bilýändiklerini aýdyp başladylar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna ýakyn çeşmesi bilen geçen dekabryň başynda habarlaşanda, ol gürrüňi gidýän bankyň VISA kompaniýasyna 34 million dollardan gowrak bergisiniň bardygyny öňe sürüpdi; peýda bolan bu habaryň yzýany Visa kompaniýasynyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw aragatnaşyk bölüminiň direktory Anna Serdýuk “Visa türkmen banklarynyň kompaniýanyň öňünde bergileriniň ýokdugyny tassyk edýär” diýip, ondan ozal algy-bergi barada çykan maglumatlary ret edipdi.

Sözümiziň başyndaky Ukrainada bilim alýan talyplaryň arzy-şikaýatlary baradaky gürrüňe dolanyp gelsek, olar “Näme, indi, biz aç ölmelimi?” diýensoň, öz sözlerine şeýle dowam edýärler:

“Bankomatlardan pul çekip bilemizok. Iýip-içmäge pulumyz galmady... Studentler okuwdan çetleşdirilýärler. [Sebäbi] okuw puluny Türkmenistandan tölär ýaly bizde walýuta hasaby ýok”

Şuňa meňzeş arzy-şikaýatlaryň dowam edýän wagtynda, has takygy, 12-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň bir resmisi media serişdelerinde çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, ýurtda özge döwletlerde bilim alýan talyplaryň okuw tölegi üçin pul geçirmekde täze mümkinçilikleriň girizilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar beripdi:

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşynda okaýan studentlere bir aýda 500 dollara çenli pul geçirmäge rugsat berilýär, emma bu pul okuw tölegine ýetmeýän bolsa, goşmaça pul ibermek üçin ýokary okuw jaýyndan hat getirmeli, originalyny. Şondan soň, studentiň däl-de, şol okuw jaýyň hasabyna goşmaça pul geçirilmegine rugsat berilmegi mümkin” diýip, bank resmisi bu meýilnamalaryň anyk haçan amala aşyryljakdygy baradaky jikme-jiklikleri agzamazdan anonim şertlerde gürrüň beripdi.

Beýleki tarapdan, döwlet resmileriniň ýokarda agzaýan wadalarynyň fonunda Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan käbir türkmen talyplary: “Okuwa gatnar ýaly, ýola, nana tölär ýaly pulumyz ýok. Haýyş edýäs, ýalbarýas, banklary oňaryň! Talyplary kösemäň!” diýip, nalyş we ündew äheňli sözler bilen çykyşlaryny jemleýärler.

Şeýle-de, soňky peýda bolan maglumatlarda aprel aýyndan başlap Türkmenistanyň banklarynyň beren plastik kartlaryndan daşary ýurtlarda pul çekmek mümkinçilikleriniň doly ýatyryljakdygy çaklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky bölümleriniň käbir işgärleri fewral aýynyň başynda banklaryň welaýat şahamçalarynda geçirilen ýygnagyň güntertibine salgylanyp anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň beripdi.

90-njy ýyllaryň ortalarynda halkara töleg sistemasyna bagly Visa kartlaryndan Türkmenistanda diňe daşary ýurtlylar peýdalanyp bilýärdi, onýyllygyň ikinji ýarymynda bu hili kartlar ýerli ýaşaýjylara-da hödürlenip başlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG