Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bahar gurak geçýär, ekerançylykda suw ýetmezçilik edýär


Daýhan. Illýustrasiýa suraty

“Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk ýerlerinde suw ýetmezçilik edýär; bugdaý meýdanlarynda tas ähli bugdaýlary suwsuzlykdan şor guradypdyr, ösüp oturan bugdaýdan harman bolaýjak hasyl ýok” diýip, adynyň efirde Pirmät diýip tutulmagyny soran daşoguzly bir daýhan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi zerarly ekerançylyk meýdanlarynyň şoraýandygy, munuň netijesinde daýhanlaryň bol hasyldan ät galýandygy barada ýerli ýaşaýjylar häli şindi Azatlygyň habarçylaryna gürrüň berip gelýärler.

Beýleki bir tarapdan, ýurduň resmi mediasynda daýhanlaryň ekerançylyk üçin zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilýändigi tekrarlanýar.

“Daýhan birleşiklerde ekilen ýer almalaryny, heniz, hatda bir saparam suwaryp bilmedik. Olar ösüp bilmän saralyp otyr” diýip, Pirmät aýtdy.

Ýatladyp geçsek, Daşogzuň käbir daýhan birleşiklerinde bu ýyl plan borçnamasy esasynda ekilmeli edilen ýer almalary we olar bilen bagly döreýän bökdençlikler barada aprel aýynyň ortalarynda daşoguzly çeşme daýhanlara salgylanyp habar beripdi.

“Käbir kärendeçiler eken ekinlerini aman saklamak üçin zeýkeşlerdäki zeý suwlary kiçi nasoslar bilen çekdirip suwarymda ulanýarlar” diýip, Pirmät gürrüňe dowam etdi.

Daşoguz welaýatynda ekerançylyk üçin zerur bolan suwuň ýetmezçiligi barada mundan ozal habarlar peýda bolupdy.

Ýerli synçylar we Azatlygyň regionlardaky çeşmeleri bu ýyl ekerançylyk ýaplaryna suw goýberilmeginiň öňki ýyllardaka garanda gijikdirilýändigini baryp fewralyň başynda habar berdiler.

“Fewralyň 1-inden öň ýaplara ‘gyzyl suw’ atly suw gelerdi, emma bu ýyl suw şu wagta çenli gelenok, adamlar işiklerinde ýere kakylan skwažinalar bilen melleklerini suwarýarlar, sebäbi ýerleri suwarmaly wagt geldi” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi 8-nji fewralda aýtdy.

Adynyň efirde Pirmät diýip tutulmagyny soran daşoguzly daýhan köpsanly ýerli ýaşaýjylaryň işigindäki hususy mellek ýerlerine suw ýetmezçiligi sebäpli ekin ekip bilmän kösenýändigini, ýere turba kakyp oturdylýan suw sorujy enjamlaryň ulanylmagynyň bolsa gadagan edilýändigini sözüne goşdy.

“Suw sorujylar ýerleriň meleoratiw ýagdaýyny üýtgedýär diýen bahana bilen olary aýyrdýarlar” diýip, Pirmät aýtdy.

Ýöne, ol sözüniň üstüni ýetirip “Suw sorujy nasoslaryň öňki bahasy 300 manatdy, häzir, dollaryň gymmatlamagy we kanallardaky suwsuzlyk sebäpli olaryň bahasy 2500 manada çykdy” diýdi.

Pirmät gürrüňdeşlikde bu ýyl baharyň Daşoguzda gurak geçendigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, daşoguzly daýhanlaryň bu ýylky hasyldan tamalary kän däl. Daýhanlaryň ençemesi Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde “adamlar hojalyk melleklerinde gök bakja önümlerini ýetişdirseler, bazarlardaky daşary döwletlerden getirilýän önümlere gyzyl pul harçlamagyň hajaty bolmazdy” diýýärler.

Daşoguzdaky gurakçylygyň sebitde gök-bakja önümçiligine oňaýsyz täsir edýär diýilýän wagty, ýurduň içinden azyk-haryt ýetmezçiligi, ýa-da olaryň bahalarynyň görnetin ýokarlanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýurduň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Ýurduň döwlet telewideniýesinde tekjeleri ir-iýmişler bilen bezelen bazarlar bolelin durmuşyň subutnamasy hökmünde jemgyýetçilige hödürlenýär.

Galyberse-de, Daşoguzda daýhanlaryň gurak geçýär diýýän bahar paslynyň howa maglumaty barada resmi görkezijiler elýeterli däl.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG