Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnyý täze syýasy partiýa döretdi


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnyý, Wladimir Putine garşy ýurt boýunça guran protestleri zerarly türmede oturanlygy üçin özi gatnaşyp bilmese-de, täze syýasy partiýa döretdi.

“Orsýetiň geljegi” diýlip atlandyrylan täze partiýa 19-njy maýda Moskwada geçirilen uçreditel gurultaýynda döredildi diýip, kreml tankytçysynyň baýry kömekçisi Lýubow Sobol twitterde habar berdi.

Sobol bu partiýanyň heniz Orsýetiň Adalat ministrliginde resmi hasaba alynmandygyny aýtdy.

Ol bu partiýanyň maksadynyň “hakyky üýtgeşiklikleri, hakyky özgerişleri” getirmekden ybaratdygyny, şol sanda emläk goragyny güýçlendirmek, adalatly jenaýat agratyş ulgamyny döretmek, korrupsiýa garşy göreşmek, ýagny “puluň buýjetden daşarlaryk akmagyna we ýahtalara hem köşklere harçlanmagynyň öňüni almak” niýetlerinden ugur alýandygyny aýtdy.

Moskwa sudy 15-nji maýda, jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryny geçirmek düzgünlerini gaýta-gaýta bozmakda günäli tapyp, Nawalnyny 30 günlük tussaglyga höküm etdi. Bu karar Nawalnynyň 5-nji maýda birnäçe rus şäherinde gurnan hökümete garşy protestleri sebäpli tussag edilmeginiň yz ýanynda çykaryldy.

Ol Moskwada tussag edilen ýüzlerçe adamyň biri boldy. Şonda Putiniň täze alty ýyl möhlet prezidentligine girişmek dabarasyna garşy protestlerde ýurt boýunça 1600-den gowrak adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG