Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkyň häkimiýetleri hijaby çykarylan zenana 85 müň dollar tölär


Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň hökümeti polis bölüminde hijaby çykarylan musulman zenana 85 müň dollar tölemäge razylyk bildiripdir.

35 ýaşyndaky Rabab Musa atly zenanyň aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda polisler ony saklap edara äkidipdir. Onsoň ol ýerde ony hijabyny çykarmaga mejbur edipdirler we yzýanyndan hem ony surata düşüripdirler. Soň bolsa ony erkek adamlar bilen bir ýerde saklapdyrlar. Soňra bolsabaşga polis edarasyna äkidilipdir. Ol ýerde onuň üstüni barlapdyrlar. Hiç hili düşündiriş bermän ondan "etmişini boýun almagyny“ talap edipdirler. Hiç hili aýyplama bildirmän ony 6 sagatdan soň hem goýberipdirler.

Polisiň, Rabab Musany näme üçin saklandygy belli däl. Emma, ýerli mediýa onuň ýöne ýere saklanandygyny ýazýar.

Musulman zenan bolsa özüne aklawçy tutup, kazyýete arz edipdir. Manhetteniň ýokary kazyýeti onuňhaklydygy barada karar çykarypdyr.

Mundan owal Nýu-Ýorkuň Bruklin etrabynda hem kazyýet 3 musulman zenanyň tarapyny tutup karar çykarypdy. Olar polis edarasynda hijabynyň çykarylyp, surata düşürilmegini arz-şikaýat edipdir.

Nýu-Ýork polisi şäheriň hökümetine tabyndyr.

XS
SM
MD
LG