Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadiý Babçenko diri galdy. Onuň janyna kast edişlik sahnalaşdyryldy


Arkadiý Babçenko
Arkadiý Babçenko

Žurnalist Arkadiý Babçenkonyň janyna kast edişlik insinirowka boldy, ýagny sahnalaşdyryldy. Ol öz janyna kast edişlik boýunça geçirilen metbugat-konferensiýasyna bardy.

"Maňa mälim bolşuna görä, bu operasiýa iki aýlap taýýarlandy. Bu ýörite operasiýa şonuň netijesidir" diýip, Babçenko aýtdy we şeýle diýdi: "Meni diri alyp galdyňyz, ýene bir gezek minnetdar, emma has uly göwrümli terraktlaryň öňi alyndy".

Babçenkonyň metbugat-konferensiýasynda aýtmagyna görä, ol özüni öldürmek boýunça planlar barada Ukrainanyň milli howpsuzlyk gullugyndan (SBU) bir aý mundan öň bilip galypdyr. Oňa öz pasportyndaky suraty öz içine alýan dokumentleri getirip beripdirler. Şeýlelikde, Babçenko zakazçylaryň ýörite gulluklaryň gatnaşmagynda informasiýa eýe bolandygy barada netijä gelipdir.

Onuň operasiýa gatnaşyp-gatnaşmazlyk üçin saýlamaga mümkinçiligi bolmandyr.

"Men öz işimi ýerine ýetirdim. Men entek diri" diýip, Babçenko aýtdy.

2016-njy ýylda Ukrainanyň polisiýasy odessaly aklawçy Aleksandr Pogorelynyň janyna kast etmäge synanyşygy derňemek üçin insinirowka sahnalaşdyrma çäresini ulanypdy. Polisiýa onuň öldürlendigini habar berensoň güman edilýän ýerine ýetirijileri we araçyny ele salypdy.

Emma günüň ertesi aklawçynyň diridigini, onuň ölümi baradaky habaryň ýaýradylmagynyň Ukrainanyň milli polisiýasynyň başlygy Hatiýa Dekanoidzeniň şahsy gözegçiligindäki operasiýanyň bir bölegi bolandygyny mälim edipdi.

​Deslapky maglumatlara görä, aklawçynyň öldürilmegini buýuran adamyň Odessa regionynyň kanun goraýjy organlarynda tanyşlary bolupdyr, şonuň üçin polisiýa onuň ölümini sahnalaşdyrmak usulyny ulanmaly bolupdyr.

XS
SM
MD
LG