Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan yzyna iberilýän daşoguzly ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigi aýdylýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda esasanam gurluşyk işlerinde işleýän daşoguzly ýaşlaryň köpçülikleýin ýagdaýda yzyna iberilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda ýurduň demirgazyk welaýatyndan habarlaşan owal Aşgabatda we onuň töwereginde işlän ýaşlar bilen ene-atalarynyň gürrüň bermegine görä, soňky wagtlarda paýtagtda işleýän daşoguzly ýaşlar köpçülikleýin ýagdaýda yzyna iberilmäge başlanypdyr.

“Organyň we howpsuzlyk komitetiniň işgärleri işleýän ýerlerimize gelip, biziň öz welaýatymyza dolanyp, ol ýerdäki işlere kömek etmelidigimizi nygtaýarlar. Biz olara Daşoguz welaýatynda iş bolmansoň Aşgabada işlemäge gelendigimizi we eger yzymyza dolanaýsak, onda maşgalamyzyň eklenç kynçylygyna duçar boljagyny düşündirjek bolduk. Emma hiç kim biziň arzymyzy diňlemedi we işläp ýören ýerlerimizden bizi kowup diýen ýaly goýberdiler” diýip, Azatlyk Radiosy bilen Daşoguzdan habarlaşan käbir ýaşlar maglumat berýärler.

Şeýle ýagdaýda işsiz galan ýaşlaryň Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ene-atalary we hossarlary bolsa, welaýatda işsizlik sebäpli ýaşlaryň gaty gözgyny ýagdaýlary başdan geçirýändigine üns çekýärler.

“Aşgabat we töwereginde işläp maşgalasyny ekleýän, şol bir wagtyň özünde-de, ol ýere işe barýan ýaşlaryň mejbury ýagdaýda yzyna iberilmegi, welaýatda işsiz ýaşlaryň sanynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Daşary ýurtlara işlemäge gitjek bolýan ýaşlaryň hem köpüsini Aşgabadyň aeroportyndan goýbermeýärler. Ýaşlar işsizlikden lapykeç bolup, gabat gelen ýerde ygyp ýörler. Ýaşlar işsizlikden we çäresizlikden özüni içgä hem neşä urýarlar. Biz ene-atalar we hossarlar bolup näme etjegimizi bilemizok. Ahyrynda arzymyzy ýokardakylara metbugatyň üstünden ýetireliň diýen karara geldik“ diýip, Aşgabatda işläp ýörkä yzyna iberilen käbir ýaşlaryň ene-atalary we hossarlary Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.

Adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Stambuldan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna jaň eden daşoguzly zähmet migranty hem, ýokarda agzalýan ýagdaýlar bilen birmeňzeş mazmunda maglumat berip, özi ýaly köpsanly ýaşlaryň Aşgabatda işläp ýören ýerinden yzyna iberilendigini, olardan köpüsiniň häzir hiç ýerde iş tapman gaty kösenýändigini we Türkiýä hem gelere gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan Türkiýedäki daşoguzly zähmet migrantlary hem, ýokarda agzalýan gürrüňleriň dogrudygyny tassyklaýarlar we ol ýerde ýaşlaryň işsizlikden çykgynsyz ýagdaýdadygyna aýratyn üns çekýärler.

Sözi jemlesek, daşoguzly ýaşlaryň işsizlik sebäpli başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasynda hem işsiz ýaşlaryň ykballary barasynda hiç hili söz açylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG